TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI “MERKEZI AZIÝA-HYTAÝ” BIRINJI SAMMITINE GATNAŞDY
2023-nji ýylyň 20-nji maýynda Hytaý Halk Respublikasynda iş saparynda bolýan Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşdy.
HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň başlyklyk etmeginde geçirilen ýokary derejedäki duşuşyga Gazagystan Respublikasynyň Prezidenti Kasym-Žomart Tokaýew, Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmon, Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew hem gatnaşdylar.
Hytaý Lideri çäräni açmak bilen, ýygnananlary mübärekledi we sammitiň ähmiýetini nygtady. HHR-iň Başlygy Si Szinpin Hytaý bilen Merkezi Aziýa döwletleriniň arasyndaky gatnaşyklaryň täze taryhy eýýamda işjeň we hemmetaraplaýyn ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Şol bir wagtyň özünde, sebitiň parahatçylygyň, sazlaşygyň we durnuklylygyň üpjün edilmegine gönükdirilen tagallalaryny goldamagyň zerurdygy nygtaldy.
HHR-iň Baştutany çykyşynyň dowamynda alty ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy, düzümleýin ulgamlaryň arasyndaky gatnaşyklary ösdürmäge, özara söwda dolanyşygyny höweslendirmäge, hyzmatdaşlygyň ösüşiň täze derejesine çykmagyna gönükdirilen bilelikdäki hereketleriň uly meýilnamasyny hödürledi. Bellenilişi ýaly, Merkezi Aziýanyň durnuklylygy, üstünlikli we sazlaşykly ösüşi, bitewüligi dünýä üçin ähmiýetlidir.
Soňra Hytaýyň Başlygy sammite gatnaşyjylara söz berdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow çykyşynda HHR-iň Başlygy Si Szinpine «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji sammiti çagyrmak başlangyjy, myhmansöýerligi hem-de netijeli işlemäge döreden şertleri üçin minnetdarlyk bildirdi.
Bellenilişi ýaly, biziň ýurtlarymyzyň halklaryny köpasyrlyk dostlukly gatnaşyklar, hyzmatdaşlyk etmegiň we hoşniýetli goňşuçylygyň ägirt uly tejribesi baglanyşdyrýar. Hytaýdan Merkezi Aziýanyň çäkleriniň üsti bilen Ýewropa tarap uzan Beýik Ýüpek ýolunyň tutuş dünýä medeniýetiniň ösüşiniň hem-de ilerlemeginiň şerti bolandygy hemmä mälimdir.
Bu sammit häzirki döwürde Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Hytaýyň arasyndaky gatnaşyklaryň ösüşini beýan edýär diýip, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow şu duşuşygyň ýurtlarymyzyň hyzmatdaşlyk etmeginiň häzirki ýagdaýyny seljermäge, ony geljekde ösdürmegiň derejesini kesgitlemäge mümkinçilik berjekdigine, dünýä we sebit gün tertibiniň esasy ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga hem şert döretjekdigine ynam bildirdi. Bu ýerde biziň ýurtlarymyzyň üstünlikli ösüşiniň baş şerti bolan parahatçylygy we howpsuzlygy üpjün etmek esasy mesele bolup durýar.
Türkmenistan döwletara gatnaşyklarda deňhukuklylyk we adalatlylyk, özygtyýarly döwletleriň çäkleriniň bitewüligini gürrüňsiz hormatlamak hem-de içerki işlerine gatyşmazlyk, Durnukly ösüş maksatlaryny amala aşyrmak ugrunda yzygiderli çykyş edýär, dünýä bileleşiginiň terrorçylyga, ekstremizme, neşe serişdeleriniň ýaýradylmagyna, kiberhowpsuzlyk we biohowpsuzlyk ulgamlaryndaky täze wehimlere garşy durmak boýunça görýän çärelerini goldaýar.
Biz öz abraýymyzy, mümkinçiliklerimizi peýdalanyp hem-de köptaraply hyzmatdaşlygymyzyň täsirli usullaryny ulanyp, halkara gatnaşyklarda täze gün tertibini ykrar etmäge, ynanyşmaga uly goşant goşup bileris, dartgynlylygy gowşadyp, dawalary azaldyp, Birleşen Milletler Guramasynyň Tertipnamasy esasynda jedelleri we gapma-garşylyklary çözmegiň gepleşikler usulyna geçip bileris diýip, Serdar Berdimuhamedow sözüni dowam etdi. Şunuň bilen baglylykda, netijeli, hormatlamak we deňhukukly gatnaşyklara taýýarlygyň hem-de ukyplylygyň görkezijisi bolup durýan syýasy medeniýetiň möhümdigine aýratyn üns çekildi.
Döwlet Baştutanymyz türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan 2021-nji ýylyň dekabrynda «Dialog — parahatçylygyň kepili» atly ählumumy başlangyjyň öňe sürlendigini belledi. Hormatly Prezidentimiz pursatdan peýdalanyp, BMG-niň Baş Assambleýasynyň şonuň esasynda türkmen tarapynyň hödürlän «2023-nji ýyl — Parahatçylygyň kepili hökmünde dialogyň halkara ýyly» atly Kararnamasynyň kabul edilmegini goldandyklary üçin şu formatyň ähli döwletleriniň Liderlerine minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň alty döwletiň we olaryň halklarynyň dostluk, hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny yzygiderli hem-de gyşarnyksyz berkitmegiň, hoşniýetli goňşuçylygy, köpasyrlyk dostlugy, özara hormat goýmak, birek-biregi goldamak däplerini gorap saklamagyň zerurdygyna berk ynanýandygyny belledi.
Duşuşygyň barşynda altytaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça gyzyklanma bildirilip pikir alşyldy. Şunuň bilen birlikde, ozal gazanylan döwletara ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişine seljerme we syn berildi. Geljekki bilelikdäki işiň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.
Gün tertibine girizilen meseleler ara alnyp maslahatlaşylandan soňra, resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.
Duşuşygyň netijeleri boýunça «Merkezi Aziýa — Hytaý» sammitiniň Sian Jarnamasyna gol çekildi. «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň çäklerinde ylalaşmalaryň we başlangyçlaryň Sanawynyň kabul edilmegi hem möhüm ädim boldy. Onda köptaraplaýyn gatnaşyklaryň gurallary we esaslary bellenildi.
Gol çekilen resminamalaryň hatarynda alty döwletiň arasynda senagat-maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmek, sanly söwda, infrastruktura we inženerçilik-gurluşyk, weterinariýa we getirilende hem-de alnyp gidilende ösümlikleriň karantini babatda tehniki hyzmatdaşlyk, işewürler geňeşini döretmek boýunça hyzmatdaşlygy ösdürmäge gönükdirilen özara düşünişmek hakynda Ähtnamalar, şeýle hem «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynda gümrük edaralarynyň duşuşyklarynyň mehanizmini döretmek barada Düzgünnama bar.
Soňra HHR-iň Başlygy Si Szinpin köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlendi.
Sammit tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary Sian Halkara maslahatlar merkeziniň öňündäki “Hytaý — Merkezi Aziýa” dostluk seýilbagynda nar agaçlarynyň ýaş nahallaryny oturtdylar.