Dokma senagatyny ösdürmekde UNIDO-nyň tejribesi

img
img
img
img

Birleşen Milletleriň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) bilermenleri bilen geçirilen duşuşykda dokma senagaty ulgamynda ösen bäsdeşlige ukyplylygy üpjün etmek, döredijilikli çemeleşmeleri ilerletmek, başarjaň öňdebaryjylyga ýetmek we dowamly alyp barmak ýaly maksatlary durmuşa geçirmek boýunça hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada özara pikir alşyldy.

Şol bir wagtyň özünde bu ugurda UNIDO-nyň tejribeleri we hyzmatlary, dünýä bazarlarynyň ähmiýeti hem-de adatlary we bu babatda türkmen milli önümleriniň aýratynlyklary ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şeýle hem taraplar Türkmenistanyň dokma senagaty pudagynda alnyp barylýan işlere, şol sanda halyçylyk sungatyna aýratyn üns berdiler.

Duşuşyga Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň, “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň, Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň we Türkmenistanyň BMG-niň Wenadaky Edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasynyň wekilleri gatnaşdylar.