AŞGABATDA SANKT-PETERBURGYŇ GUBERNATORY BILEN GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

Şu gün, 26-njy sentýabrda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň we Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary S.G.Berdimuhamedowyň ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň şanly 30 ýyllygynyň baýramçylygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana gelen Russiýanyň Sankt-Peterburg şäheriniň Gubernatory A.D.Beglow bilen duşuşygy geçirildi.

Myhman, Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllygy mynasybetli gutlamak bilen, Döwlet Baştutanyna hem-de ähli türkmen halkyna ösüş we abadançylyk baradaky iň ýakymly arzuwlaryny ýetirdi.

Işjeň ýagdaýda geçirilen gepleşikleriň dowamynda taraplar iki ýurduň özara gyzyklanma bildirilýän ugurlaryň ählisi boýunça ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň has hem pugtalandyrylmagyna ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şu nukdaýnazardan, Türkmenistanyň we Russiýanyň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlaryndaky hyzmatdaşlygynyň ýokary derejesi bellenilip geçildi.