TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI SERDAR BERDIMUHAMEDOWYŇ WE HYTAÝ HALK RESPUBLIKASYNYŇ BAŞLYGY SI SZINPINIŇ ARASYNDA GEPLEŞIKLER GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 18-nji maýynda Türkmenistanyň Hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedow “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşmak üçin Hytaý Halk Respublikasynyň Şensi welaýatynyň Sian şäherine iş sapary bilen gelen HHR-iň Başlygy Si Szinpin bilen gepleşikleri geçirdi.

HHR-iň Başlygy Si Szinpin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy HHR-e iş sapary bilen gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi üçin hoşallyk bildirdi.

Şu günki ýokary derejedäki duşuşyk şu ýyldaky ikinji duşuşykdyr diýip, hytaý Lideri aýtdy we Hytaýyň Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygy giňeltmäge ygrarlydygyny tassyklady. Türkmenistan “Açyk gapylar” syýasatyny üstünlikli durmuşa geçirýär we döwletiňdir jemgyýetiň durmuşynyň ähli ulgamlarynda uly ösüşleri gazanýar.

Türkmenistanyň Prezidenti 2023-nji ýylyň ýanwarynda HHR-e bolan döwlet saparynyň ähmiýetine aýratyn üns berildi. Şol saparyň netijeleri boýunça möhüm ylalaşyklar gazanyldy hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de ösdürilmegine gönükdirilen resminamalaryň ençemesine gol çekildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow döwlet Baştutanlarynyň «Merkezi Aziýa — Hytaý» görnüşindäki birinji sammitine gatnaşmak üçin Hytaýa çakylygy üçin HHR-iň Başlygy Si Szinpine minnetdarlyk bildirip, dostlukly ýurda häzirki saparyň ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň meseleleri boýunça düýpli pikir alyşmak üçin oňat mümkinçilikdigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz häzirki wagtda iki ýurduň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň, däp bolşy ýaly, deňhukuklylyk, özara hormat goýmak we düşünişmek esasynda işjeň ösdürilýändigini kanagatlanma bilen belledi. Muňa şu ýyldaky häzirki ikinji duşuşyk hem şaýatlyk edýär.

Bellenilişi ýaly, ýokary döwlet derejesinde ýola goýlan açyk we ynanyşmak häsiýetli netijeli gepleşikler türkmen-hytaý gatnaşyklaryny ösdürmegiň esasy şerti bolup hyzmat edýär. Hut Türkmenistan bilen Hytaýyň Baştutanlarynyň yzygiderli duşuşyklary biziň ýurtlarymyzyň, halklarymyzyň arasyndaky dostlugy we hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny berkitmäge gönükdirilen uly möçberli, uzak möhletli başlangyçlara kuwwatly syýasy itergi berýär.

Geçen döwrüň içinde bilelikdäki tagallalar netijesinde syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň strategik hyzmatdaşlyk derejesine ýetirilendigi bellenildi. Iki ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygyň pugta şertnama-hukuk binýady döredildi. Olar dürli ugurlary gurşap alýar. Bu bolsa hyzmatdaşlygyň däp bolan, şeýle hem täze ugurlarynda bilelikde işlemek üçin ägirt giňişligiň bardygyny görkezýär.

Bularyň ählisi iki döwlete-de dünýäde özara üstünlikli hereket etmäge şert döredýär we Birleşen Milletler Guramasynda, beýleki birnäçe halkara düzümlerde gatnaşyklary işjeň dowam etdirmäge mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow pugta parahatçylygy, howpsuzlygy we durnuklylygy üpjün etmäge, Durnukly ösüş maksatlaryny durmuşa geçirmäge çalyşýandygyny, häzirki wagtda ählumumy gün tertibinde duran möhüm meseleleri oňyn çözmäge gönükdirilen başlangyçlary öňe sürmek ýaly wajyp meseleler boýunça tagallalary utgaşdyrmagy geljekde-de dowam etdirmäge taýýardygyny tassyklady.

Sebitde durnukly ösüşi we howpsuzlygy üpjün etmekde Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» strategiýasy bilen Hytaýyň «Bir guşak, bir ýol» başlangyjyny utgaşdyrmak boýunça tagallalaryň möhümdigi bellenildi. Munuň özi ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam eder.

Kanun çykaryjy edaralaryň arasyndaky hyzmatdaşlyk türkmen-hytaý gatnaşyklarynyň esasy ugurlarynyň biridir. Bu babatda Türkmenistanyň Mejlisi bilen HHR-iň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň arasynda parlamentara dostluk toparlarynyň işini güýçlendirmäge, yzygiderli özara alyşmak tejribesini ýola goýmaga aýratyn ähmiýet berilýär.

Türkmenistan we HHR-sy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ozal gazanylan ylalaşyklara we maksatnamalara laýyklykda ösdürýärler. Soňky döwürde ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň möçberiniň artýandygy munuň aýdyň subutnamasydyr.

Iki döwletiň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugry hem ýangyç-energetika pudagydyr. Mälim bolşy ýaly, gol çekilen şertnamalara we ylalaşyklara laýyklykda, 2009-njy ýyldan bäri Türkmenistan — Hytaý gaz geçirijisi boýunça Hytaýa türkmen tebigy gazy bökdençsiz iberilýär.

Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklaryň möhüm ähmiýetine aýratyn üns berildi. Häzirki wagtda medeniýet, bilim, ylym, syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli ösdürilýär.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar şu ýylyň ýanwarynda Türkmenistanyň Prezidentiniň HHR-e döwlet saparynyň netijeleri boýunça gazanylan ylalaşyklara laýyklykda, 2024-nji ýylda Türkmenistanyň Hytaýdaky Medeniýet ýylyny geçirmek barada pikir alyşdylar. Şol ýyl türkmen halkynyň beýik akyldar şahyry Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk toýy hem toýlanar.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we HHR-iň Başlygy Si Szinpin köptaraplaýyn görnüşdäki gatnaşyklar barada aýdyp, «Merkezi Aziýa — Hytaý» formatynyň dünýä we sebit gün tertibiniň esasy meselelerini maslahatlaşmak üçin döredýän mümkinçiligini bellediler.

Soňra Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň gatnaşmagynda ikitaraplaýyn resminamalara gol çekmek dabarasy boldy.

Iki döwletiň Baştutanlary taraplaryň iki dostlukly döwletiň we halklaryň bähbidine giň gerimli strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de çuňlaşdyrmaga ygrarlydygyny tassykladylar.

Agşam hormatly Prezidentimiz HHR-iň Başlygy Si Szinpiniň adyndan “Merkezi Aziýa — Hytaý” sammitine gatnaşýan ýurtlaryň döwlet Baştutanlarynyň hormatyna guralan dabaraly kabul edişlige gatnaşdy.

Döwlet Baştutanymyzyň Hytaý Halk Respublikasyna iş sapary dowam edýär.