CADAP maksatnama we hyzmatdaşlaryň duşuşygy

img
img
img
img

2024-nji ýylyň 18-nji martynda Birleşen Milletler Guramasynyň Neşe serişdeleri boýunça komissiýaň 67-nji sessiýasynyň çäklerinde Merkezi Aziýada bikanun neşe serişdeleriň öňüni almak maksatnamaň (CADAP) hyzmatdaşlarynyň gatnaşmagynda Wena şäherinde ugurdaş çäre geçirildi.

Duşuşyga gatnaşyjylar CADAP maksatnamaň ähmiýeti, onuň üstünlikleri, alnyp barylýan işler we öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşdylar.

Türkmen wekiliýeti öz çykyşynda CADAP maksatnama bilen ýola goýulan hyzmatdaşlyk ugurlary, gazanylan tejribeler we ýurdumyzda işjeň durmuşa geçirilýän sagdyn durmuş ýörelgeleri barada belläp geçdi.