TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GDA DÖWLETLERINIŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ GEŇEŞINIŇ WE DÖWLET BAŞTUTANLARYNYŇ GEŇEŞINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA BRIFING GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda milli we daşary ýurtly habar beriş serişdeleriniň wekilleriniň, şeýle hem Türkmenistanda işleýän diplomatiki missiýalaryň we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylarynyň hem-de işgärleriniň gatnaşmaklarynda üstümizdäki ýylyň 10 we 11 oktýabrynda bolup geçen GDA döwletleriniň Daşary işler ministrleriniň Geňeşiniň we Döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň jemleri boýunça brifing geçirildi.

Türkmenistanyň Daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysyndan başga-da, brifingde Belarus Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi W.Beskostyý, Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A.Blohin, Gazagystan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Ý.Sapiýew hem-de Özbegistan Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi A. Kuçkarow çykyş etdiler.