DAŞARI IŞLER MINISTRINIŇ OWGAN YSLAM RESPIBLIKASYNYŇ TÜRKMENISTANDAKY TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 8-nji dekabrynda TDIM-niň binasynda  Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň Owganystan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Han Wali Han Başarmal bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşyk Owganystanyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisiniň adyna gutlaglaryň we mähirli arzuwlaryň aýdylmagy bilen başlandy. Taraplar türkmen-owgan gatnaşyklarynyň ähli ugurlary boýunça mundan beýläk-de pugtalandyrylmagyna özara ygrarlylyklaryny beýan etdiler.

Taraplar iki döwletiň baştutanlarynyň işjeň gepleşikleriniň özara bähbitli gatnaşyklaryň berkidilmegine aýratyn itergi berýändigini nygtadylar.  Syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça hyzmatdaşlygyň ýokary derejesi bellenip geçildi. 

Diplomatlar Türkmenistanyň we Owganystanyň daşary syýasy edaralarynyň arasyndaky özara hereketlerine hem-de sebitleýin we halkara guramalaryň çäklerindäki netijeli hyzmatdaşlyga ýokary baha berdiler.

Ilçi Han Wali Han Başarmal türkmen tarapyna Owganystana berilýän hemmetaraplaýyn goldawy üçin minnetdarlygyny beýan etdi. Hususan-da ynsanperwer goldawlar, şol sanda Owganystanda gurlan durmuş maksatly desgalar, ýagny mekdep, saglyk merkezleri hem-de ýaňy-ýakynda açylyş dabarasy geçirilen metjid barada gürrüň edildi.  

Bilelikdäki iri infrastruktura taslamalarynyň, aýratyn hem  TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunça elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň we Türkmenistandan Owganystana demir ýollarynyň gurulmagynyň ähmiýeti bellenildi. Türkmenistanyň Owaganystany oňyn ulag-üstaşyr ulgamlarynyň döredilmegi arkaly halkara ykdysady integrasiýasyna çekmek ugrundaky tagallalaryna yokary baha berildi. Şunuň bilen baglylykda Lapis-Lazuli geçelgesiniň ähmiýeti nygtaldy. 

Şeýle-de diplomatlar bilim, medeniýet ugurlary we ylmy alyş-çalyşlar boýunça durmuşa geçirilýän hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýyny we mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Duşuşygyň barşynda Ilçi Han Wali Han Başarmal özüniň ynanç hatlarynyň nusgalaryny gowşurdy.