TURKMENISTAN OWGANYSTANDA PARAHATÇYLYK KADALAŞDYRYŞ PROSESINIŇ HAS HEM ILERLEDILMEGI ÜÇIN YGTYBARLY YKDYSADY ESASYŇ DÖREDILMEGINIŇ ZERURLYGYNY TASSYKLAÝAR

2021-nji ýylyň 30-njy martynda Duşanbede göni we sanly ulgam arkaly  «Aziýanyň ýüregi – Stambul prosesi» Dokuzynjy maslahatyň çäklerinde daşary işler ministrleriniň duşuşygy geçirildi.

Mejlise Stambul prosesiniň gatnaşyjy-ýurtlarynyň hem-de goldaýan ýurtlaryň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar. Şol sanda mejlise halkara guramalarynyň hem wekilleri gatnaşdylar. 

Duşuşygyň barşynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň wideoýüzlenmesi diňlenildi.

Öz çykyşynda Türkmenistanyň DIM-niň ýolbaşçysy jogapkär we işjeň taraplaryň ählisiniň gatnaşmagynda Owganystandaky ýagdaýlaryň parahatçylykly ýol bilen kadalaşdyrylmagy babatynda Türkmenistanyň berk nukdaýnazaryny ýene-de bir gezek tassyklady. Merkezi Aziýanyň we Owganystanyň özbaşyna bitewi geosyýasy we geoykdysady giňişlik bolup bolup durýandygyny bellenilip geçildi.

Owganystanyň hemmetaraplaýyn ösüşi üçin energetikanyň, ulagyň, tebigy serişdeleriň, aragatnaşygyň we kommunikasiýalaryň aýratyn ähmiýete eýe bolup durýandygyna doly düşünmek bilen Türkmenistan iki goňşy ýurduň we Günorta Aziýa döwletleriniň gatnaşmagynda halkara iri infrastruktura taslamalarynyň ençemesiniň ilerledilmegi ugrunda işjeň hereketleri durmuşa geçirýär. Ilkinji nobatda TOPH gaz geçirijisiniň, Türkmenistan-Owganystan-Pakistan ugry boýunýa elektrik geçirijisiniň hem-de optiki-süýümli aragatnaşyk ulgamlarynyň gurluşygy, şol sanda Türkmenistandan Owganystana demirýollarynyň gurulmagy barada gürrüň edilýär. Türkmenistan hyzmatdaş-ýurtlar bilen özara hereket etmek arkaly ulag-üstaşyr geçelgeleriniň döredilmegi ugrunda işjeň çäreleri durmuşa geçirýär. Munuň aýdyň mysaly hökmünde Lapis-Lazuli geçelgesini görkezmek bolar.

Türkmenistan Owganystanda parahatçylygyň we durnuklylygyň pugtalandyrylmagy maksady bilen, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn gurluşlaryň çäklerinde öz hereketleriniň işjeňleşdirilmegi ugrunda çykyş edýär. Ýurt edil şonuň ýaly-da parahatçylyk gepleşikleriniň geçirilmegi üçin özüniň syýasy giňişligini bermäge taýýardyr.

Mejlisiň jemleri boýunça Duşanbe Jarnamasy kabul edildi.