RSS

SOŇKY HABARLAR

22 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLERINIŇ TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIGI BOLDY

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň Özbegistan Respublikasynyň Daşary işler ministri A.Kamilow bilen telefon arkaly söhbetdeşligi boldy. Söhbetdeşligiň barşynda ministrler ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki meselelerini we gatnaşyklaryň syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlary boýunça geljekde hem ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle-de ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmegiň wajypl...

DOWAMY
22 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN BMG-NIŇ SÖWDA WE ÖSÜŞ BOÝUNÇA KONFERENSIÝASYNYŇ ARASYNDA WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY MASLAHAT

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi, Türkmenistanyň Döwlet gümrük gullugy bilen BMG-niň Söwda we ösüş boýunça Konferensiýasynyň (ÝUNKTAD) wekilleriniň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly maslahat geçirildi. Maslahatyň barşynda taraplar Türkmenistan bilen ÝUNKTAD-yň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ähmiýetli ugurlaryna aýratyn üns berdiler. Bu ugurda Türkmenistanda Sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça Konsepsiýasynyň 2020-2023-nji ýyllar üçin ikinji tapgyryny amala aş...

DOWAMY
22 Apr

ÝUNESKO-NYŇ BAŞ DIREKTORYNYŇ ORUNBASARYNYŇ MEDENIÝET MINISTRLIKLERIŇ ÝOLBAŞÇYLARY BILEN DUŞUŞYGY

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet boýunça guramasynyň Baş direktorynyň orunbasary bilen  sebit ýurtlarynyň medeniýet ministrlikleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda sanly wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Gepleşikleriň dowamynda oňa gatnaşyjylar hyzmatdaşlagyň ileri tutulýan ugurlary, şol sanda ylym-bilim we medeniýet ulgamlary  hakynda pikir alyşdylar, taryhy-arhitektura ýadygärliklerini gorap saklamak ulgamyndaky gatnaşyklar barada belläp geçdiler, şeýle-d...

DOWAMY
22 Apr

TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE HAÝWANLARYŇ SAGLYGYNY GORAMAK BOÝUNÇA BÜTINDÜNÝÄ GURAMASYNYŇ BAŞ DIREKTORY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Haýwanlaryň saglygyny goramak boýunça Bütindünýä Guramasynyň Baş direktory hanym Monik Elua bilen sanly wideoaragatnaşyk ulgamy arkaly duşuşyk geçirildi.   Türkmen tarapyndan duşuşyga Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministri, “Türkmenatlary” Döwlet birleşiginiň başlygy, Daşary işler ministriniň orunbasary, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň rektory gatnaşdylar. Duşuşygyň dowamynda taraplar...

DOWAMY
22 Apr

AŞGABATDA TÜRKMEN-OWGAN SYÝASY GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň DIM-niň binasynda wideokonferensiýa görnüşinde türkmen-owgan syýasy geňeşmeleri geçirildi. Duşuşyk Türkmenistanyň we Owganystan Yslam Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň derejesinde geçirildi. Geňeşmeleriň barşynda taraplar sebit we halkara gün tertibiniň meseleleri boýunça pikir alyşdylar hem-de halkara jemgyýetçiligi üçin ýeňil bolmadyk häzirki döwürde ýurtlaryň özarahereketlerine we birek-birege kömek bermekleriniň derw...

DOWAMY
22 Apr

TÜRKMENISTAN BILEN ÝAPONIÝANYŇ HALKARA HYZMATDAŞLYK BANKYNYŇ ARASYNDA SANLY WIDEO ARAGATNAŞYK ARKALY DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň binasynda Türkmenistan bilen Ýaponiýanyň Halkara hyzmatdaşlyk bankynyň arasynda sanly wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň çäklerinde nebit-gaz we himiýa pudaklaryndaky özara bähbitli hyzmatdaşlyk bilen bagly köp meseleler ara alnyp maslahatlaşyldy. Oba we suw hojalygy pudaklarynda öňdebaryjy tehnologiýalary ulanmak we ýapon hyzmatdaşlarynyň sil akymlarynyň öňüni almak we olary ilatly ýerlerd...

DOWAMY
22 Apr

BMG-NIŇ HALKARA RESMINAMALARYNA GOŞULYŞMAK BOÝUNÇA IŞ DUŞUŞYGY GEÇIRILDI

2020-nji ýylyň 22-nji aprelinde Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda BMG-niň birnäçe halkara resminamalaryna goşulmak boýunça iş duşuşygy geçirildi. Mejlis Türkmenistanyň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ministrleriniň orunbasarlarynyň derejesinde geçirildi. Duşuşyga şeýle-de ýurdumyzyň döwlet edaralarynyň, şol sanda Türkmenistanyň Daşary işler, Adalat, Gurluşyk we binagärlik, Maliýe we ykdysadyýet ministrlikleriniň hem-de beýleki pudaklaýyn edaralarynyň wekille...

DOWAMY