TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2025-nji ýyl - Halkara parahatçylyk
we ynanyşmak ýyly
SOŇKY HABARLAR
Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň ABŞ-nyň Döwlet sekretary bilen telefon arkaly söhbetdeşligi
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredowyň ABŞ-nyň Döwlet sekretary Marko Rubio bilen telefon arkaly söhbetdeşligi geçirildi. Söhbetdeşligiň dowamynda taraplar giň gerimli ugurlar boýunça pikir alyşdylar. Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ýakyn wagtda duşuşmak hem-de her ýylda guralýan ikitarapla...
Birleşen Patyşalygyň Döwlet ministri bilen telefon arkaly söhbetdeşlik
2025-nji ýylyň 24-nji iýunynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Birleşen Patyşalygyň Ýewropa, Demirgazyk Amerika we deňiz aňyrsy çäkler boýunça Döwlet ministri Stiwen Dautiniň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Söhbetdeşligiň barşynda britan tarapy Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna Ýakyn Gündogardaky çylşyrymly ýagdaý bilen baglanyşykly Birleşen Patyşalygynyň raýatlarynyň Eýrandan çykarylmagyna berlen ýardam üçin minnetdarlyk bildirdi. Bu ädi...
Türkmenistanyň ýardam bermegi bilen 4000-e golaý adam Watanyna dolanyp geldi
Türkmenistan ynsanperwer geçelgeleri arkaly Eýrandan gelýän daşary ýurt raýatlarynyň päsgelçiliksiz üstaşyr geçmegini üpjün edýär. Ýakyn Gündogarda emele gelen ýagdaý bilen baglylykda şu güne çenli 52 sany döwlet öz raýatlarynyň Watanyna dolanmagyna ýardam bermek haýyşy bilen Türkmenistana ýüz tutdy. Ähli haýyşnamalar daşary ýurtlaryň Türkmenistandaky diplomatik wekilhanalary bilen hyzmatdaşlykda haýal etmän işlenilýär.
KHBS üçin maglumat. Türkmenistanyň Daşary işler ministri bilen ABŞ-nyň Döwlet departamentiniň ýolbaşçylygynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 22-nji iýunynda amerikan tarapynyň başlangyjy bilen Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen ABŞ-nyň Döwlet sekretarynyň birinji orunbasary Kristofer Landaunyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi. Onuň barşynda taraplar Türkmenistan bilen Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň arasynda syýasy, söwda-ykdysady, durmuş-medeni we beýleki ugurlarda alnyp barylýan hyzmatdaşlyk gatnaşyklarynyň uzakmöhletleýin oňyn tejribesini aýratyn bellediler. Iki döwletiň daşary...
Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary gije-gündiziň dowamynda işleýärler
Häzirki wagtda Eýrandan çykýan raýatlarynyň geçmegi üçin ýardam bermek haýyşy bilen 50-ä golaý döwletler Türkmenistana ýüz tutdylar. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň barlag-goýberiş nokatlary Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, Russiýanyň, Koreýanyň, BAE-niň, Saud Arabystanynyň, Omanyň, Bahreýniň, Kataryň, Kuweýtiň, Germaniýanyň, Şweýsariýanyň, Daniýanyň, Beýik Britaniýanyň we beýleki ýurtlaryň raýatlary bolan 2000-den gowrak adamy kabul etdiler. Türkmen döwleti ýurdumyzyň gury ýer geçelgeler...
Türkmenistan Stambuldaky ÝHHG Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Serhet Gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna gatnaşdy
Stambul, 19 iýun 2025 ý. – Döwlet Serhet Gullugynyň başlygyň orunbasary podpolkownik Babamyrat Ýagşymowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň wekiliýeti, 18–19 iýun aralygynda Türkiýäniň Stambul şäherinde geçirilen ÝHHG Baş sekretarynyň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň serhet gulluklarynyň ýolbaşçylarynyň forumyna üstünlikli gatnaşdy. Forumda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň, ÝHHG-niň we gatnaşyjy döwletleriň ýokary derejeli wekilleri serhetleriň howpsuzlyk meselelerini, sebitleýin hyzmatdaşlygy hem-de teb...
Notice from the Embassy of Turkmenistan in Vienna
The Embassy of Turkmenistan in Vienna hereby informs that Turkmenistan provides a 24-hour humanitarian corridor for foreign citizens arriving from Iran. To enter Turkmenistan and subsequently return to their homeland, individuals should contact the Ministry of Foreign Affairs or the Embassy of their respective country, which in turn is expected to submit an official Note Verbale to the Ministry of Foreign Affairs of Turkmenistan or the Embassy of Turkmenistan abroad. Consular jurisdiction...