RSS

SOŇKY HABARLAR

28 Noý

YHG-NYŇ ÇÄKLERINDE HEM-DE ONUŇ DAŞYNDA YKDYSADY HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRMEGIŇ ÄHMIÝETI BEÝAN EDILDI

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda geçirilen Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň 15-nji Sammitinde gatnaşyjy-ýurtlaryň döwlet we hökümet baştutanlary YHG-nyň işi boýunça öz garaýyşlaryny beýan etdiler hem-de Guramanyň sebitleýin hyzmatdaşlygyň ilerledilmegine oňyn täsirini ýetirýän özboluşly geoykdysady ähmiýetini aýratyn belläp geçdiler. Öz çykyşynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow geografiki, taryhy umumylyklary, şeýle-de däp-dessurlary we gymmatlyklary bolan YHG-na gatnaşyj...

DOWAMY
28 Noý

AZERBAÝJAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýewiň Türkmenistana iş sapary başlandy. Saparyň çäklerinde Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitiniň işine gatnaşar. Şeýle hem, saparyň dowamynda Türkmenistanyň we Azerbaýjan Respublikasynyň liderleri Gurbanguly Berdimuhamedow...

DOWAMY
28 Noý

ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKMEN PAÝTAGTYNA IŞ SAPARY BILEN GELDI

Şu gün, 28-nji noýabrda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistana iş sapary bilen geldi.   Saparyň dowamynda Özbegistanyň Baştutany Türkmenistanyň Gurama başlyklyk etmeginiň çäklerinde Aşgabatda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar. Mundan başga-da, Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Özbegistan Respublikasyny...

DOWAMY
28 Noý

GYRGYZ RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BILEN GELDI

2021-nji ýylyň 28-nji noýabrynda Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparow Türkmenistanyň Prezidentiniň çakylygy boýunça Türkmenistana iş sapary bilen geldi.   Saparyň dowamynda Sadyr Žaparow türkmen paýtagtynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynyň agza-döwletleriniň Baştutanlarynyň XV Sammitine gatnaşar. Mundan başga-da, saparyň çäklerinde Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Gyrgyz Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň arasynda gepleşikleriň geçiri...

DOWAMY
27 Noý

GAZAGYSTANYŇ PREMÝER-MINISTRI TÜRKMENISTANA IŞ SAPARY BILEN GELDI

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Gazagystan Respublikasynyň Premýer-ministri Askar Mamin 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň Döwlet Baştutanlarynyň XV duşuşygynyň işine gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde myhmany Türkmenistanyň resmi adamlary garşy aldylar. Şu ýerde şonuň ýaly-da Türkmenistanyň Prezidentiniň Gazagystanyň Premýer-ministri bilen söhbetdeşligi geçirildi. O...

DOWAMY
27 Noý

EÝRAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTI TÜRKMENISTANA SAPAR BILEN GELDI

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň çakylygy boýunça Eýran Yslam Respublikasynyň Prezidenti Ibrahim Raisi 28-nji noýabrda Türkmenistanyň ýolbaşçylygynda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşmak maksady bilen Türkmenistana iş sapary bilen geldi. Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde ýokary derejeli myhmanyň Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow bilen duşuşygy geçiril...

DOWAMY
27 Noý

PAKISTAN YSLAM RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY

2021-nji ýylyň 27-nji noýabrynda Pakistan Yslam Respublikasynyň Prezidenti Arif Alwi 28-nji noýabrda geçiriljek Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza-döwletleriň Baştutanlarynyň XV duşuşygyna gatnaşmak üçin Aşgabada iş sapary bilen geldi. Ýokary derejeli myhmany Aşgabat şäheriniň Halkara howa menzilinde resmi garşy almak dabarasyndan soňra Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň Pakistanyň Prezidenti Arif Alwi bilen duşuşygy geçirildi. Duşuşygyň dowamynda syýasy, söwda-ykdysady...

DOWAMY