RSS

SOŇKY HABARLAR

1 Noý

GRUZIÝANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE KONSULLYK MESELELERI BOÝUNÇA TÜRKMEN-GRUZIN GEŇEŞMELERI GEÇIRILDI

2019-njy ýylyň 1-nji noýabrynda Tbilisi şäherinde iki ýurduň daşary syýasat edaralarynyň Konsullyk gulluklarynyň ýolbaşçylary derejesinde konsullyk meseleleri boýunça türkmen-gruzin geňeşmeleri geçirildi. Geňeşmeleriň dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän konsullyk meseleleriň, Türkmenistanyň raýatlarynyň Gruziýadaky hukuk ýagdaýy, Gruziýanyň raýatlarynyň Türkmenistandaky hukuk ýagdaýy, Gruziýada okaýan türkmen talyplarynyň we beýleki meseleleri jikme-jik maslahatlaşdylar. Gün te...

DOWAMY
31 Okt

TÜRKMENISTANYŇ MID-DE TÜRKMEN-TÄJIK GATNAŞYKLARYNYŇ ÄHMIÝETLI UGURLARY ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 31-nji oktýabrynda Türkmenistanyň DIM-de Türkmenistanyň we Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministrleriniň derejesinde syýasy geňeşmeler geçirildi. Türkmen wekiliýetine – Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredow, täjik wekiliýetine – Täjigistan Respublikasynyň Daşary işler ministri Sirodjidin Muhriddin ýolbaşçylyk etdiler. Taraplar özara hormat goýmak we ynanyşmak ýörelgelerine esaslanýan ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häz...

DOWAMY
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDAKY TELEFON ARKALY GEPLEŞIK

2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedowyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly gepleşik geçirildi.      Iki doganlyk halkyň mizemez dostlugyna we hoşniýetli goňşuçylygyna esaslanan, däbe öwrülen döwletara dialogyň ýokary derejesine ünsi jemläp, taraplar sebitdäki we dünýädäki ýagdaýlary nazara almak bilen, strategik häsiýete eýe bolan hem-de birek-birege hormat goýmak nukdaýnazaryndan guralýan tü...

DOWAMY
30 Okt

KOPENGAGENDE TÜRKMEN-DANIÝA HYZMATDAŞLYGYNY ÖSDÜRMEGIŇ MESELELERI ARA ALNYP MASLAHATLAŞYLDY

2019-njy ýylyň 30-njy oktýabrynda Kopengagende Daniýanyň DIM-niň binasynda Türkmenistanyň we Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň orunbasarlarynyň derejesinde türkmen-daniýa syýasy geňeşmeleri geçirildi. Daniýanyň wekiliýetine Daniýa Patyşalygynyň daşary syýasat boýunça ministriniň orunbasary hanym Lizbet Zilmer Jons ýolbaşçylyk etdi. Gepleşikleriň barşynda taraplar hyzmatdaşlygyň ähli ugurlary boýunça özarabähbitli türkmen-daniýa gatnaşyklarynyň häzirki ýagdaýyny...

DOWAMY
30 Okt

TÜRKMENISTANYŇ SUW HOJALYGY BARADAKY DÖWLET KOMITETI BÜTINDÜNÝÄ SUW GEŇEŞINIŇ AGZALYGYNA KABUL EDILDI

2019-njy ýylyň 22-nji oktýabrynda Müsür Arap Respublikasynyň Kair şäherinde Bütindünýä suw geňeşiniň Dolandyryjylar geňeşiniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Geçirilen geňeşiň çözgüdi esasynda Türkmenistanyň Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti Bütindünýä suw geňeşiniň agzalygyna kabul edildi.

DOWAMY
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WEKILIÝETINIŇ ŽENEWADA «PEKIN + 25» SEBITLEÝIN SYN MASLAHATYNYŇ IŞINE GATNAŞMAGY

2019-njy ýylyň 29-njy oktýabrynda Ženewada «Pekin + 25» Sebitleýin syn maslahaty öz işine başlady, ol gender deňliginiň gazanylmagy boýunça Hereketleriň Pekin platformasynyň durmuşa geçirilmeginde gazanylan ösüşleriň gözden geçirilmegi we meseleleriň ýüze çykarylmagy üçin forum bolup durýandyr. 1995-nji ýylyň Pekin jarnamasy we Platformasy has giň gerimli «ýol görkezijisi» bolup, tutuş dünýäde aýallaryň we gyzlaryň hukuklarynyň hem-de mümkinçilikleriniň giňeldilmegine gönükdirilendir. 2020-nj...

DOWAMY
29 Okt

TÜRKMENISTANYŇ WE KOREÝA RESPUBLIKASYNYŇ ARASYNDAKY PARLAMENTARA HYZMATDAŞLYGY ÖSDÜRILÝÄR

2019-njy ýylyň 28-29-njy oktýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy G.Mamedowanyň Koreýa Respublikasyna sapary boldy. Saparynyň barşynda Mejlisiň başlygy Koreýa Respublikasynyň dürli edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri bilen duşuşdy. 2019-njy ýylyň 28-nji oktýabrynda KR-nyň Milli Assambleýasynyň Dostluk toparynyň Başlygy jenap Park Deçul bilen iş günortanlyk nahary geçirildi. Günortanlyk naharynyň barşynda taraplar ykdysadsyýetiň dürli pudaklaryna sanly tehnologiýalary ornaşdyrmagyň...

DOWAMY