TÜRKMENISTANYŇ ILÇISI GÜNORTA AFRIKA RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINE YNANÇ HATLARYNY GOWŞURDY

2022-nji ýylyň 11-nji awgustynda Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidentiniň Sefako Makgato adyndaky ýokary wezipeli myhmanlary kabul ediş öýünde Türkmenistanyň Gazagystan Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi B.Rejepowyň Günorta Afrika Respublikasynyň Prezidenti Siril Ramafosa Türkmenistanyň GAR-daky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Nur-Sultan ş.) hökmünde ynanç hatlarynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi.

Çäräniň barşynda Türkmenistanyň Ilçisi B.Rejepow GAR-yň ýolbaşçysyna Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň adyndan gyzgyn salamlaryny ýetirdi.

Prezident S.Ramafosa Türkmenistanyň Ilçisini onuň diplomatik işiniň başlamagy bilen gutlady hem-de Türkmenistanyň ýolbaşçylaryna we halkyna salamlaryny, parahatçylyk we abadançylyk baradaky arzuwlaryny ýetirmegi haýyş etdi.

Gepleşigiň barşynda syýasy, ykdysady we ynsanperwer ulgamlarda iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.