TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI TÜRKI DÖWLETLERIŇ GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARYNY KABUL ETDI

2022-nji ýylyň 5-nji sentýabrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türki Döwletleriň Guramasynyň Baş sekretary Bagdad Amreýewi kabul etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle-de iri halkara we sebit guramalarynyň çäklerinde dostlukly, oňyn hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ösdürmek biziň ýurdumyzyň parahatçylyk söýüjilik ýörelgelerine, BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan iki gezek ykrar edilen hemişelik Bitaraplyk hukuk derejesine esaslanýan daşary syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýandygyny belledi. 

Şunda Türki Döwletleriň Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine uly üns berilýär. Türkmenistan 2021-nji ýylyň noýabrynda bu gurama synçy hökmünde girmek bilen, özara bähbitli gatnaşyklaryň giňeldilmegine gyzyklanma bildirýändigini tassyklady.

Duşuşygyň dowamynda dürli ugurlarda uly mümkinçilikler hasaba alnyp, hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alşyldy. Şunuň bilen baglylykda, häzirki zaman şertlerine laýyklykda, energetika, ulag-kommunikasiýa hem-de infrastruktura ulgamlary ýaly strategik ugurlarda tagallalary birleşdirmegiň, bilelikdäki taslamalary amala aşyrmagyň möhüm bolup durýandygy bellenildi. Şeýle-de bu guramanyň düzüminde döredilýän Türki maýa goýum gaznasyny hasaba almak bilen, hyzmatdaşlyk üçin giň mümkinçilikler açylýar.

Bilim, ylym we medeniýet ulgamlary boýunça maksatnamalaryňdyr taslamalaryň toplumynyň giňeldilmegi, umuman, bu ugurda alnyp barylýan netijeli gatnaşyklar özara bähbitli döwletara hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine, onuň täze anyk mazmun bilen baýlaşdyrylmagyna ýardam eder, diýlip bellenildi.

Söhbetdeşligiň barşynda şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Türki Döwletleriň Guramasynyň nobatdaky sammitine taýýarlyk görmek meselelerine-de garaldy.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de myhman Türkmenistan bilen Türki Döwletleriň Guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň umumy bähbitler üçin geljekde-de okgunly ösdüriljekdigine ynam bildirdiler. Munuň özi ýurtlaryň we halklaryň arasynda däp bolan dost-doganlyk gatnaşyklarynyň pugtalandyrylmagyna ýardam berer.