TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINDE ÝAŞ DIPLOMATLAR ÜÇIN OKUW GURALDY

2022-nji ýylyň 1-nji noýabryndan 10-njy noýabry aralygynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda ýurduň ýaş diplomatlary we beýleki döwlet işgärleri üçin okuw geçirilýär.

Bu okuw, Birleşen Milletler Guramasynyň (BMG)  Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasy we BMG-nyň Sekretariatynyň Syýasy we parahatçylyk dörediji işler boýunça bölümi (DPPA) bilen bilelikde guraldy.

Bu çäräniň maksady, BMG-nyň ulgamynyň işleri barada habardarlygy ýokarlandyrmak we halkara gatnaşyklary pudagynda hünär endiklerini ösdürmek.

Bu okuwa Daşary işler ministrliginiň, Bilim ministrliginiň, Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň, Döwlet, hukuk we demokratiýa institutynyň, Daşary işler ministrliginiň  Halkara gatnaşyklary institutynyň we Halkara ynsanperwer we ösüş uniwersitetiniň  20 sany ýaş wekili gatnaşýar.

Okuwyň iňlis dilinde Türkmenistana ýörite gelen halkara hünärmenleri tarapyndan geçirilýändigini bellemelidiris. Mundan başga-da, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysynyň Edarasynyň, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýa merkeziniň we BMG ulgamynyň Türkmenistandaky beýleki agentlikleriniň ýolbaşçylary we wekilleri ýaölaryň öňünde leksiýalar bilen çykyş edýärler.