RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMET WEKILIÝETINIŇ TÜRKMENISTANA SAPARY BAŞLANDY

Şu ýylyň 19-njy ýanwarynda Türkmenistana resmi sapar bilen Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustiniň ýolbaşçylygyndaky wekilçilikli topar geldi.

Şol günüň özünde Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin resmi saparynyň çäklerinde A.S.Puşkin adyndaky umumy orta bilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebine baryp gördi.

Myhman mekdebiň mugallymlarynyň we okuwçylarynyň öňünde eden çykyşynyň barşynda soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýanyň arasyndaky gatnaşyklaryň öz ösüşinde kuwwatly itergä eýe bolandygyny hem-de hil taýdan täze derejä çykarylandygyny belledi. Ikitaraplaýyn ynsanperwer hyzmatdaşlygyň çäklerinde bilim ulgamyna aýratyn üns berilýändigi nygtaldy. Munuň özi iki döwletiň däp bolan dostluk, özara bähbitli hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny giňeltmäge üýtgewsiz ygrarlydygynyň mysallarynyň biridir.

Saparyň çäklerinde rus wekiliýeti türkmen-rus işewürlik maslahatynyň işine gatnaşdy. Forumyň ýokary wezipeli myhmanlarynyň hatarynda Russiýanyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin, ýurdumyzda iş sapary bilen bolýan RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Prezidenti Rustam Minnihanow we Russiýa Federasiýasynyň beýleki sebitleriniň birnäçesiniň ýolbaşçylary bar. Şeýle hem işewürlik maslahatyna Russiýanyň hökümet düzümleriniň ýolbaşçylary we esasy hünärmenleri, ministrlikleriniň, döwlet edaralarynyň, täjirçilik däl guramalaryň, ýokary okuw mekdepleriniň, ykdysadyýetiň dürli ulgamlarynda işleýän iri kompaniýalaryň we kärhanalaryň ýolbaşçylary hem gatnaşdylar.

Günüň birinji ýarymynda «tegelek stoluň» başynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň barşynda senagat kooperasiýasy we gurluşyk önümçiligi, innowasiýa we maglumat tehnologiýalary ulgamynda hyzmatdaşlygyň täze mümkinçilikleri, ulag-logistika ulgamynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meýilleri we ýollary barada pikir alyşmalar boldy. Bilim edaralarynyň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlyk meseleleri içgin ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem iki ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň birnäçesiniň arasynda duşuşyklar geçirildi. Olaryň çäklerinde dürli ulgamlarda netijeli gatnaşyklary giňeltmek meselelerine garaldy.