TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ HÖKÜMETINIŇ BAŞLYGY BILEN GEPLEŞIKLERI GEÇIRDI

2023-nji ýylyň 20-nji ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin bilen gepleşikleri geçirdi.

Duşuşygyň çäginde Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň depginli häsiýetini nygtady. Syýasy, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda özara hyzmatdaşlyk işjeň ösdürilýär. Parlamentara gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagyna hem möhüm üns berilýär.

Russiýa Federasiýasynyň subýektleri bilen gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlykda wajyp orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz Russiýanyň Tatarystan Respublikasy, Sankt-Peterburg şäheri, Astrahan oblasty we beýleki sebitleri bilen ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygy belledi.

Şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýurtlarymyzyň halkara guramalaryň çäklerinde işjeň hyzmatdaşlyk edýändiklerini kanagatlanma bilen nygtap, Türkmenistanyň Bitaraplyk hukuk derejesini we daşary syýasy başlangyçlaryny üýtgewsiz goldaýandygy üçin rus tarapyna minnetdarlyk bildirdi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berýändigini belledi hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Prezident Wladimir Putine salamyny we iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny ýetirdi.

Bellenilişi ýaly, geçen ýylyň 10-njy iýunynda gol çekilen strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnamada beýan edilen esasy pikirler bilen baglylykda, RF-niň Hökümetiniň Başlygy söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmegiň, bar bolan mümkinçiliklere laýyklykda, özara haryt dolanyşygyny artdyrmagyň möhümdigini, hyzmatdaşlygyň ähli ulgamlarynda täze ugurlary gözlemegiň zerurdygyny belledi.

Mihail Mişustiniň belleýşi ýaly, Russiýa bilen Türkmenistan maşyngurluşyk, energetika, nebitgaz, oba hojalygy, sanly ykdysadyýet ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlyk edýärler. Şunuň bilen birlikde, entek ýene-de ençeme geljegi uly ugurlar bar. Şeýle-de RF-niň Hökümetiniň Başlygy ýurdumyza Russiýa Federasiýasynyň giň düzümli wekiliýetiniň gelendigini nygtady. Bilelikdäki işewürllik maslahatyny geçirmek pikiri Russiýada goldanyldy. Aşgabada Russiýa Federasiýasyndan türkmen hyzmatdaşlary bilen ýakyndan gatnaşyk etmäge taýýar işewürleriň hem-de telekeçileriň ýüzlerçesi geldi.

Gepleşikleriň dowamynda taraplar türkmen-rus strategik hyzmatdaşlygyny ähli ugurlar boýunça mundan beýläk-de ösdürmäge ygrarlydyklaryny tassykladylar. Şunda ozal gazanylan ylalaşyklary iş ýüzünde durmuşa geçirmek, täze özara bähbitli taslamalary amala aşyrmak, bar bolan ägirt uly kuwwaty doly güýjünde işe girizmek bilen bagly meselelere aýratyn üns berildi.

Soňra gepleşikler iki ýurduň wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde dowam etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow ýene-de bir gezek ýurdumyzda Russiýa bilen strategik hyzmatdaşlyga esaslanýan gatnaşyklara uly ähmiýet berilýändigini belledi. Şunda ýokary we iň ýokary derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklara aýratyn orun berilýär.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow döwletara hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryny öz içine alýan hukuk binýadynyň döredilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak hakynda Jarnama üns çekildi.

Hormatly Prezidentimiz RF-niň sebitleri we subýektleri bilen netijeli gatnaşyklaryň ösdürilmeginiň Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasy bilen hyzmatdaşlygynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini belledi we belent mertebeli myhmana söz berdi.

Mihail Mişustin Russiýa bilen Türkmenistanyň arasyndaky döwletara dialogyň dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk, birek-birege hormat goýmak ýörelgelerine esaslanýandygyny nygtady. Şertnama-hukuk binýady kemala getirildi, şu gün gol çekilen migrasiýa, gümrük, bilim we beýleki ulgamlardaky täze ylalaşyklar we ähtnamalar onuň üstüni ýetirdi. Ýurtlarymyz energetika, nebitgaz senagaty ulgamlarynda hyzmatdaşlyk edýärler. Gurluşyk, oba hojalygy ugurlary boýunça hem özara gatnaşyklar amala aşyrylýar. Sanly tehnologiýalar ulgamynda hyzmatdaşlyk edilýär.

Söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine esasy wezipe hökmünde garalýandygy nygtaldy.

Belent mertebeli myhman ynsanperwer ulgamda, aýratyn-da, bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlyk meselesinde durup, A.S.Puşkin adyndaky türkmen-rus mekdebine baryp görmegiň özünde uly täsir galdyrandygyny, mekdepde bilim meseleleri bilen bir hatarda, umumy taryha, umumy hakyda aýawly garalmagyna hem uly üns berilýändigini belledi.

Şeýlelikde, şu günki gepleşikler taraplaryň özara bähbitli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, onuň köpugurly kuwwatyny durmuşa geçirmäge ygrarlydyklaryny tassyklady. Gazanylan ylalaşyklar, bilelikdäki işewürler maslahatynyň we onuň çäklerinde geçirilen işewürlik duşuşyklarynyň netijeleri muňa ýardam etmäge gönükdirilendir.

Saparyň çäklerinde Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Mihail Mişustin “Halk hakydasy” ýadygärlikler toplumyna bardy we bu ýerde “Baky şöhrat” ýadygärligine gül desselerini goýdy.

Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygy Türkmenistana resmi saparyny tamamlap, Aşgabatdan ugrady.