TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI RUSSIÝA FEDERASIÝASYNYŇ FEDERAL ÝYGNAGYNYŇ DÖWLET DUMASYNYŇ BAŞLYGYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 30-njy ýanwarynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow RF-niň parlament wekiliýetine ýolbaşçylyk edip ýurdumyza sapar bilen gelen Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodini kabul etdi.

Döwlet Baştutanymyz Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysyny myhmansöýer türkmen topragynda mähirli mübärekläp, häzirki wagtda parlamentleriň döwlet durmuşynda eýeleýän ornunyň barha artýandygyny belledi. Parlamentara gatnaşyklar ýurtlaryň arasynda netijeli dialogy ýola goýmagyň, halkara hyzmatdaşlygy we özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň möhüm gurallarynyň biri bolup durýar, diýip bellenildi.

Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň ýolbaşçysy mähirli kabul edilendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, döwlet Baştutanymyza Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Şeýle-de myhman iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň tagallalary bilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň, şol sanda parlamentara gatnaşyklaryň depginli ösdürilýändigini nygtady. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň geçen ýyl Moskwa şäherine amala aşyran saparynyň kanun çykaryjy edaralaryň ugry boýunça türkmen-rus hyzmatdaşlygyna täze itergi berendigi bellenildi.

Netijeli syýasy dialog hem-de dürli derejelerdäki yzygiderli gatnaşyklar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine ýardam berýär. Şunuň bilen baglylykda, ýakynda Russiýa Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň Türkmenistana amala aşyran resmi saparynyň ähmiýeti bellenildi. Geçirilen duşuşyklardyr gepleşikleriň dowamynda taraplaryň türkmen-rus hyzmatdaşlygyny mundan beýläk-de okgunly ösdürmegi maksat edinýändikleri tassyklanyldy hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol çekildi. Şeýle-de Aşgabatda bilelikdäki işewürlik maslahaty geçirildi. Bularyň hemmesi döwletara hyzmatdaşlyga hil taýdan täze itergi bermäge gönükdirilendir.

Hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşmak bilen baglylykda, söwda-ykdysady, energetika, senagat, ulag we beýleki ulgamlardaky özara gatnaşyklaryň netijeli häsiýete eýedigi bellenildi. Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň we subýektleriniň arasynda ýola goýlan göni gatnaşyklar köpugurly ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstüni ýetirýär.

Ynsanperwer ulgamda — ylym-bilim, saglygy goraýyş, medeniýet ugurlary boýunça netijeli gatnaşyklar hem türkmen-rus hyzmatdaşlygynyň aýrylmaz bölegidir.

Iki döwletiň we olaryň halklarynyň arasyndaky özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň ýene-de bir möhüm guraly hökmünde garalýan parlamentara hyzmatdaşlyk söhbetdeşligiň aýratyn ugry boldy. Şunda ýokary derejede gazanylan ylalaşyklaryň we kabul edilen çözgütleriň kanunçylyk taýdan üpjün edilmegi üçin bu ugry ösdürmegiň zerurdygy nygtaldy.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň bu hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge mundan beýläk-de goldaw bermäge taýýardygyny tassyklady hem-de mümkinçilikden peýdalanyp, Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putine mähirli salamyny, iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Russiýa Federasiýasynyň Federal Ýygnagynyň Döwlet Dumasynyň Başlygy Wýaçeslaw Wolodin dostluk, hoşniýetli goňşuçylyk ýörelgelerine esaslanýan döwletara gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen baýlaşdyrylyp, mundan beýläk-de depginli ösdüriljekdigine ynam bildirip, birek-birege berk jan saglyk, üstünlik, iki ýurduň halklaryna bolsa rowaçlyk hem-de abadançylyk arzuw etdiler.