AŞGABATDA KONSULLYK, SERHET WE GÜMRÜK MESELELERI BOÝUNÇA HÖKÜMETARA TÜRKMEN-EÝRAN TOPARYNYŇ NOBATDAKY MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 6-njy fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň binasynda Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisi geçirildi. Onuň işine iki ýurduň degişli ministrlikleriň we pudak edaralaryň ýolbaşçylary hem-de wekilleri gatnaşdylar. 

Mejlisde Türkmenistanyň wekiliýetine Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýew, Eýran Yslam Respublikasynyň wekiliýetine bolsa, Daşary işler ministriniň konsullyk mejlis we eýranlylaryň işleri boýunça orunbasary Alireza Bikdeli ýolbaşçylyk etdiler.

Duşuşugyň dowamynda taraplar 2019-njy ýylyň ýanwarynda Tähranda geçirilen hökümetara toparyň 14-nji mejlisinde gelnen ylalaşyklaryň ýerine ýetirilişiniň gidişini ara alyp maslahatlaşdylar. Taraplar ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar hem-de ähli ýetilen ylalaşyklaryň pugta ýerine ýetirilmeginiň zerur bolup durýandygyny nygtadylar.

Hususan-da, konsullyk meseleleriniň hukuk jähtlerini kämilleşdirmek ulgamynda iki ýurduň hukuk goraýjy edaralarynyň arasynda özara hereketleri we maglumat alyş gurallaryny işjeňleşdirmek, şeýle hem serhet we gümrük gözegçilik-geçiş nokatlarynda netijeli dolandyryşy sazlamak boýunça hyzmatdaşlygy giňeltmek bilen bagly meselelere seredildi.

Konsullyk, serhet we gümrük meseleleri boýunça Hökümetara türkmen-eýran toparynyň 15-nji mejlisiniň işiniň netijeleri boýunça jemleýji teswirnama gol çekildi.