TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BILEN ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTINIŇ ARASYNDA TELEFON ARKALY SÖHBETDEŞLIK
2023-nji ýylyň 7-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň arasynda telefon arkaly geçirilen söhbetdeşligiň barşynda ähli esasy ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.
Gahryman Arkadagymyz we dostlukly döwletiň Baştutany mähirli salamlaşyp we şanly waka — Türkmenistanyň hem-de Özbegistan Respublikasynyň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygy bilen birek-biregi mähirli gutlap, iki ýurduň halklaryna iň gowy arzuwlaryny beýan etdiler..
Türkmen halkynyň Milli Lideri öňegidişlige we ösüşe tarap ymtylýan Türkmenistanyň hem-de Özbegistanyň arasyndaky gatnaşyklaryň täze many-mazmun bilen yzygiderli baýlaşdyrylýandygyny kanagatlanma bilen nygtady.
Şunuň bilen baglylykda, iki ýurduň syýasy ulgamdaky gatnaşyklarynyň ýokary derejesi aýratyn bellenildi. Şol gatnaşyklar netijeliligi, dünýäniň we sebit syýasatynyň esasy meseleleri boýunça çemeleşmeleriň ýakyndygy ýa-da gabat gelýändigi bilen tapawutlanýar.
Nygtalyşy ýaly, soňky ýyllarda türkmen-özbek gatnaşyklarynyň ygtybarly şertnama-hukuk binýady işlenip düzüldi. Häzirki wagtda ol halkara resminamalaryň 300-e golaýyndan ybaratdyr. Şol resminamalar dürli ugurlary öz içine alýar. Munuň özi, elbetde, hyzmatdaşlygyň däp bolan ugurlarynda, şeýle-de täze ulgamlarda bilelikdäki iş üçin ägirt uly mümkinçilikleriň bardygyna şaýatlyk edýär.
Ikitaraplaýyn ykdysady gatnaşyklar okgunly ösdürilýär, ýangyç-energetika, ulag-logistika, oba hojalyk ulgamlarynda hyzmatdaşlyk üstünlikli giňeldilýär.
Şu gün hormatly Prezidentimiziň Buýrugyna laýyklykda, Özbegistan Respublikasyna muzdsuz suwuklandyrylan gazyň iberilmegi, şeýle-de ýurdumyza Özbegistanda öndürilen “Tiz kömek” awtoulaglarynyň gelip gowuşmagy taraplaryň hoşniýetli goňşuçylyk, dost-doganlyk gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn pugtalandyrmaga çalyşýandyklarynyň aýdyň subutnamasydyr.
Söhbetdeşligiň dowamynda parlamentara we sebitara gatnaşyklaryň hem yzygiderli ösdürilýändigi bellenildi. Şol gatnaşyklar türkmen-özbek hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmaga ýardam etmäge gönükdirilendir.
Medeni, ylym, bilim ulgamlarynda-da hyzmatdaşlyk pugtalandyrylýar. Munuň özi iki halkyň mundan beýläk-de ýakynlaşmagy, olaryň arasyndaky köpasyrlyk dostlugyň we hoşniýetli goňşuçylygyň berkidilmegi üçin köpri bolup hyzmat edýär.
Telefon arkaly söhbetdeşligiň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew birek-birege berk jan saglyk, egsilmez güýç-gaýrat hem-de jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Özbegistanyň we Türkmenistanyň halklaryna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.