TÜRKMENISTAN TÜRKIÝÄNIŇ DOGANLYK HALKYNA YNSANPERWERLIK KÖMEGINI IBERDI
2023-nji ýylyň 7-nli fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tabşyrygy bilen, Türkiýe Respublikasynda bolan güýçli ýertitremäniň netijesinde ejir çeken dostlukly döwletiň doganlyk halkyna ynsanperwerlik kömegi ugradyldy. Ynsanperwerlik ýüki derman hem-de saglygy goraýyş maksatly serişdelerden we dokma önümlerinden ybaratdyr. Şeýle-de Türkiýä lukmanlar ugradyldy. Olar ejir çekenlere kömek berýän kärdeşlerine zerur bolan ýardamy bererler.
Doganlyk halklar bilen dostlukly gatnaşyklary saklamak we ösdürmek ýaly asylly däpler, zerur bolanda kömek goluny uzatmak türkmen halkynyň durmuşynda asyrlardan bäri dowam edip, nesilden-nesle geçip gelýär. Türkiýede bolup geçen tebigy heläkçilik köp sanly adam pidalaryna we şikes ýetmelerine, uly möçberli weýrançylyklara getirdi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow we Gahryman Arkadagymyz doganlyk ýurduň Baştutanyna gynanç hatyny iberdiler. Hatlarda şu agyr pursatda gurban bolanlaryň dogan-garyndaşlaryna, ýakynlaryna ýürekden gynanç we medet beriji sözler, ejir çekenlere bolsa tiz wagtda sagalmaklary baradaky dilegler beýan edildi.
Biziň ýurdumyz halkymyzyň özboluşly milliligine mahsus bolan ynsanperwerlik we hoşniýetlilik ýörelgelerinden ugur alyp, tebigy betbagtçylyk baradaky habara dessin seslenip, taryhy kökleriň, medeni we ruhy gymmatlyklaryň köpasyrlyk umumylygy birleşdirýän doganlyk halk üçin ynsanperwerlik kömegini ugratdy.
Tebigy hadysa zerarly dörän weýrançylygyň dikeldilýän günlerinde berilýän goldaw hem-de şeýle çözgüdiň kabul edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk we ynsanperwerlik maksatlaryna ygrarlydygynyň nobatdaky aýdyň subutnamasydyr.