TÜRKMENISTANYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIGINIŇ HALKARA GATNAŞYKLAR INSTITUTYNDA DIPLOMATIK IŞGÄRLERINIŇ GÜNI BELLENILDI

2023-nji ýylyň 18-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklar institutynda ýurduň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan baýramçylyk çäreleri geçirildi.

Baýram, Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan we “Arkadag Serdarly bagtyýar ýaşlar” şygary bilen geçirilýän 2023-nji ýyla bagyşlanan sergi bilen tanyşlyk bilen başlandy.

Soňra türkmen diplomatik işgärleriniň baýramyna bagyşlanan "Dialog - parahatçylygyň kepili" atly halkara maslahat geçirildi.

Maslahata Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň ýolbaşçylary we işgärleri, Türkmenistanda işleýän diplomatik wekilhanalaryň we halkara guramalarynyň wekilhanalarynyň ýolbaşçylary we wekilleri, ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary we talyplary, jemgyýetçilik guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri gatnaşdylar.

Maslahatyň başynda Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Türkmenistan Daşary işler ministri Raşid Meredow halkara maslahata gatnaşyjylara ýüzlenip, Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gutlag Ýüzlenmesini dabaraly okady.

Çäräniň dowamynda BMG-nyň Merkezi Aziýa boýunça Baş sekretarynyň Ýörite wekili, BMG-nyň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebitleýin merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German, BMG-nyň Türkmenistandaky Hemişelik Utgaşdyryjysy Dmitriý Şlapaçenko, BMG-nyň Ösüş Maksatnamasynyň Türkmenistandaky Hemişelik wekili Narine Saakýan, BMG-nyň Çagalar Gaznasynyň Türkmenistandaky wekili Muhammet Faýazi, Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynyň okuw işleri boýunça prorektory Gülşat Ýusupowa we başgalar çykyş etdiler.

Maslahatda çykyş edenler Türkmenistanyň Prezidentiniň häzirki zaman halkara gatnaşyklarynyň “Dialog parahatçylygyň kepili” diýen täze pelsepesini döretmek başlangyjynyň möhümdigini bellediler. Bu nukdaýnazardan, 2022-nji ýylyň 9-njy dekabrynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňeldilen mejlisinde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň “biziň ýurdumyz milli, sebit we dünýä derejesinde parahatçylyga, howpsuzlyga we durnukly ösüşe ýardam berýän möhüm halkara başlangyçlary öňe sürmek bilen, olaryň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegi ugrunda uly tagalla edýär "diýr sözlerini getirmek bolar.

Soňra, "Dialog parahatçylygyň kepili" atly halkara konferensiýa gatnaşyjylaryň adyndan Türkmenistanyň hormatly Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Ýüzlenme kabul edildi, we döwlet baştutanynyň diplomatik gullugynyň meselelerine aýratyn üns berýändigi üçin sagbolsun aýdyldy

Maslahatyň ahyrynda, Türkmenistanyň diplomatik gullugynyň halypa diplomatlaryna "Türkmenistanyň ussat diplomaty" atly tapawutlandyryş nyşany bilen sylaglamak we Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýaş diplomatlaryny hem-de Halkara gatnaşyklary institutynyň uçurym ýyl talyplaryny Ministrligiň diplomy bilen sylaglamak dabarasy geçirildi. Soňra Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň güni mynasybetli ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary tarapyndan taýýarlanan baýramçylyk konserti geçirildi.