TÜRKMENISTANYŇ BSG-A GOŞULMAGY BILEN BAGLY MESELELERI ÖWRENMEK BOÝUNÇA HÖKÜMET TOPARYNYŇ MEJLISI GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 17-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýewiň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Bütindünýä Söwda Guramasyna (BSG) goşulmagy bilen bagly meseleleri öwrenmek boýunça Hökümet toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi. Duşuşyga degişli ministrlikleriň we edaralaryň wekilleri gatnaşdy.

Duşuşygyň dowamynda, oňa gatnaşyjylar Hökümet toparynyň 2022-nji ýyldaky işleriniň jemlerine hem-de 2023-nji ýylyň möhüm başlangyçlaryna garadylar.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary W.Hajyýew öz çykyşynda Türkmenistanyň BSG bilen hyzmatdaşlygynyň işjeň ösüşine ünsi çekdi. Türkmenistanyň 2020-nji ýylyň iýul aýynda BSG-da synçy derejesine eýe bolandygy we 2022-nji ýylyň fewralynda BSG-niň Ženewada geçirilen Baş Geňeşiniň nobatdaky mejlisinde biziň ýurdumyzyň BSG-niň doly agzasy bolmak üçin ýüz tutandygy bellenilip geçildi. Netijede, Türkmenistana Bütindünýä söwda guramasyna goşulyşýan döwlet (“işjeň synçy”) derejesini bermek kararyna gelindi. Bu derejä eýe bolmak, Türkmenistanyň daşary söwdadaky ornuny berkitmäge we ygtybarly we jogapkär hyzmatdaş hökmünde halkara abraýyny ýokarlandyrmaga kömek edýär.

Türkmenistanyň BSG-ä agza bolmagy üçin taýýarlyk çärelerini tamamlamak boýunça uly göwrümli wezipeleri ýerine ýetirmegiň meýilleşdirilendigi nygtaldy. Çärä gatnaşyjylar BSG-ä girmegiň şertleriniň biri Türkmenistanyň daşary söwda şertleri boýunça Ähtnamany taýýarlamak üçin möhüm başlangyçlaryny ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem, ýurduň ministrlikleriniň birinde agentlik ýa-da ýörite düzüm birligini döretmek meselesine garamak teklip edildi, bu bolsa biziň ýurdumyzyň BSG-ä girmegi bilen baglanyşykly ähli meseleleri utgaşdyrar.

Taraplar hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de dowam etmek maksady bilen birnäçe meseleleri ara alyp maslahatlaşdylar. Şeýle hem BSG-niň Sekretariaty bilen hyzmatdaşlygy giňeltmek ugrunda teklipler berildi we pikir alyşyldy.