TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTI BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSYNY KABUL ETDI

2023-nji ýylyň 21-nji fewralynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Diplomat ikiçäk duşuşykda köpýyllyk hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegiň möhüm meselelerini ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallygyny bildirip, döwlet Baştutanymyza BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň mähirli salamyny hem-de Garaşsyz Türkmenistanyň halkyna parahatçylyk, abadançylyk, giň möçberli özgertmeler ýolunda üstünlikler baradaky arzuwlaryny ýetirdi.

Döwlet Baştutanymyz hoşniýetli sözler üçin minnetdarlyk bildirip, häzirki döwrüň ählumumy meselelerinde esasy orny eýeleýän BMG-niň ýolbaşçysyna iň gowy arzuwlaryny beýan etdi.

Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine goşan uly şahsy goşandy we netijeli işi üçin N.Germana minnetdarlyk bildirdi we pursatdan peýdalanyp, ony BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesine bellenilmegi bilen gutlady hem-de bu jogapkärli wezipede täze üstünlikleri arzuw etdi.

Öňüni alyş diplomatiýasy parahatçylyga we howpsuzlyga howp salýan wehimleri ýüze çykarmakda hem-de aradan aýyrmakda döwletlere ýardam bermek boýunça möhüm gural bolmagynda galýar diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady.

Şunuň bilen baglylykda, 2007-nji ýylda döredilen we goňşy ýurtlaryňdyr BMG-niň Howpsuzlyk geňeşiniň agzalarynyň goldaw bermeginde, Baş Assambleýanyň çözgüdine laýyklykda, Bitarap döwletimiziň paýtagtynda ýerleşýän BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkezine uly jogapkärçiligiň ýüklenendigi bellenildi.

Şeýle hem sebit howpsuzlygyny üpjün etmekde, BMG-niň Terrorçylyga garşy ählumumy strategiýasyny ornaşdyrmakda hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Bu işiň çäklerinde häzirki wagtda Merkezi Aziýada terrorçylyga garşy durmak boýunça bilelikdäki Hereketleriň meýilnamasynyň dördünji tapgyry durmuşa geçirilýär. 

Döwlet Baştutanymyz köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň “Öňüni alyş diplomatiýasy akademiýasy” başlangyjy hem-de Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy ýaly mehanizmleriniň döredilendigini we üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Natalýa German ýolbaşçylyk edýän diplomatik wekilhanasynyň üstünlikli işlemegine goldaw berlendigi we hyzmatdaşlygyň täze binýadynyň döredilendigi üçin ýene-de bir gezek tüýs ýürekden hoşallygyny bildirip, ähli türkmenistanlylara Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe bagtyýarlyk, üstünlik arzuw etdi.

Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy birek-birege hoşniýetli arzuwlaryny beýan edip, däp bolan hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de üstünlikli dowam etdiriljekdigine ynam bildirdiler.