TÜRKMEN HALKYNYŇ MILLI LIDERI, TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGY BMG-NIŇ ÖŇÜNI ALYŞ DIPLOMATIÝASY BOÝUNÇA SEBIT MERKEZINIŇ ÝOLBAŞÇYSY BILEN DUŞUŞDY

2023-nji ýylyň 22-nji fewralynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň Merkezi Aziýa boýunça Ýörite wekili, BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy hökmünde işini tamamlaýan Natalýa Germany kabul etdi.

Diplomat duşuşmaga we ýola goýlan netijeli hyzmatdaşlygyň möhüm meselelerini hem-de ony ösdürmegiň geljekki ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga döredilen mümkinçilik üçin hoşallyk bildirip, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretarynyň adyndan we hut öz adyndan hormatly Arkadagymyzy Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy wezipesine bellenilmegi hem-de türkmen halkynyň Milli Lideri diýlip kanun esasynda ykrar edilmegi bilen gutlady. 

Merkeziň ýolbaşçysy BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işine hemmetaraplaýyn goldawlary üçin Gahryman Arkadagymyza, şeýle-de hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa tüýs ýürekden hoşallygyny beýan etdi we Garaşsyz Bitarap Watanymyzyň abadançylygynyň bähbidine alyp barýan işlerinde üstünlikleri arzuw etdi.

Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Natalýa Germana BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysy wezipesinde işlän döwründe Türkmenistan bilen BMG-niň arasynda netijeli hyzmatdaşlygyň üstünlikli ösdürilmegine goşan şahsy goşandy üçin minnetdarlyk bildirdi we parahatçylyk, abadançylyk baradaky hoşniýetli arzuwlaryny BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişe ýetirmegi haýyş etdi. 

Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Natalýa Germana BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek boýunça komitetiniň Ýerine ýetiriji direktoratynyň Ýerine ýetiriji direktory wezipesinde uly üstünlikleri arzuw edip, ony Türkmenistanda hormatly myhman ýa-da BMG-niň resmi wekili hökmünde görmäge hemişe şatdygyny aýtdy.

Duşuşygyň dowamynda uzak möhletleýin hyzmatdaşlygy alyp barýan ýurdumyzyň sebitde durnukly ösüşi, hoşniýetli goňşuçylyk, dostluk gatnaşyklaryny saklamak hem-de olara goldaw bermek işinde BMG-niň ygtybarly we strategik hyzmatdaşyna öwrülendigi nygtaldy. N.Germanyň belleýşi ýaly, türkmen halkynyň Milli Lideri, Gahryman Arkadagymyzyň sebitiň, şeýle-de BMG-niň çäklerinde häzirki zamanyň möhüm meseleleri boýunça öňe süren parahatçylyk söýüjilikli başlangyçlarydyr teklipleri uly goldawa eýe boldy. 

BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň döredilmegi bilen baglanyşykly başlangyç türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa degişli bolup, dünýäniň strategik taýdan möhüm sebitleriniň birinde özara gatnaşyklaryň düýbünden täze nusgasyny döretmek işiniň başyny başlady. Bu başlangyjyň amala aşyrylmagy BMG we sebit bileleşigi, ozaly bilen, Merkezi Aziýa döwletleri tarapyndan şeýle merkeziň zerurdygyna we maksadalaýykdygyna düşünilmegine ýardam berdi.

Şeýlelikde, Merkezi Aziýanyň taryhynda ilkinji gezek syýasy-hukuk gurallara hem-de Birleşen Milletler Guramasynyň ägirt uly abraýyna, onuň syýasy-guramaçylyk serişdelerine daýanmak bilen, bilelikdäki çözgütleri işläp taýýarlamagy işjeňleşdirmegiň möhüm şerti hökmünde hemişelik hereket edýän edara peýda boldy.

Türkmen halkynyň Milli Lideri häzirki wagtda merkeziň binýadynda BMG-niň Terrorçylyga garşy göreşmek müdirliginiň toparynyň işleýändigini, köptaraplaýyn öňüni alyş diplomatiýasynyň Öňüni alyş diplomatiýasynyň akademiýasy, Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň dialogy, Merkezi Aziýa döwletleriniň suw-energetika hyzmatdaşlygynyň hukuk ugurlary maksatlaýyn iş topary ýaly gurallarynyň döredilendigini we üstünlikli işleýändigini kanagatlanma bilen belledi.

Milli Liderimiz merkeziň işiniň energetika howpsuzlygy, durnukly ulag, suw meselesi, daşky gurşawy goramak, maglumat we biologik howpsuzlyk, ýaragsyzlanmak, ýaraglary ýaýratmazlyk ýaly ugurlarda mundan beýläk-de möhüm orny eýelejekdigine ynam bildirdi.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we BMG-niň sebit merkeziniň ýolbaşçysy Natalýa German birek-birege hoşniýetli arzuwlary aýdyp, Türkmenistanyň BMG hem-de onuň düzümleri bilen dünýäde durnukly ösüşiň, parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine ýola goýlan köpugurly gatnaşyklaryň mundan beýläk-de netijeli dowam etdiriljekdigine we çuňlaşdyryljakdygyna ynam bildirdiler.