TÜRKMENISTANYŇ DIM-NDE GWATEMALA RESPUBLIKASYNYŇ TÄZE BELLENEN ILÇISI BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 27-nji fewralynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Daşary işler ministriň orunbasary Wepa Hajiýewiň, türkmen paýtagtyna öz ynanç hatlaryny gowşurmak üçin gelen, Gwatemala Respublikasynyň Türkmenistandaky täze bellenen Ilçisi (oturýan ýeri Ankara şäheri) Haýro Dewid Estrada Barrios bilen duşuşygy geçirildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklary ösdürmek boýunça jogapkärli wezipä bellenmegi bilen Ilçini gutlap, türkmen tarapy Gwatemala bilen gatnaşyklarynyň mundan beýläk hem ösdürilmegine we berkidilmegine ýurdumyzyň üns berilýändigini belledi. Öz gezeginde Ilçi Estrada Barrios öz yurdunyň Merkezi Aziýa ýurtlary, hususan-da, Türkmenistan bilen hyzmatdaşlygynyň giňeldilmegine gyzyklanma bildirilýändigini nygtady.

Geljekki hyzmatdaşlyk üçin ileri tutulýan ugurlary kesgitläp, duşuşyga gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Gwatemalanyň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleriniň guralmagynyň wajyplygy belläp geçdiler.

Gepleşikleriň dowamynda taraplaryň halkara giňişliginde, şol sanda BMG-niň çäklerinde netijeli ikitaraplaýyn dialoga ygrardyklary barada nygtaldy.

Türkmen tarapy Gwatemalanyň Ilçisine Türkmenistanyň başlangyjy bilen 2020-nji ýylda parahatçylygyň, howpsuzlygynyň we durnukly ösüşiň hatyrasyna Bitaraplygyň Dostlary toparynyň döredilendigi barada maglumat berdi. Oňa BMG-niň agza döwletleriniň 20 sanysy goşuldy, bu bolsa toparyň agzalaryna halkara hyzmatdaşlygynyň dürli meseleleri boýunça pikir alyşmaga mümkinçilik berýär. Şunuň bilen baglylykda, Ilçä Bitaraplygyň Dostlary toparyna goşulmagyň mümkinçiligine seredilmegine teklip edildi.

Diplomatlar ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň hemmetaraplaýyn ösdürilmegine gyzyklanma bildirýändiklerini beýan etdiler. Bu ugurda, türkmen we gwatemal işewürler toparlarynyň özara saparlarynyň, şeýle hem işewürler maslahatlarynyň, tegelek stollarynyň we sergileriniň iki ýurduň senagatçylarynyň we telekeçileriniň gatnaşmagynda gurnalmagy boýunça meselelere seretmegi teklip edildi.

Taraplar şeýle hem medeniýet, bilim we syýahatçylyk ulgamlarynda hyzmatdaşlygynyň ösdürilmeginiň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.