Türkmenstan bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň arasynda hyzmatdaşlyk ugurlary maslahatlaşyldy
2023-nji ýylyň 20-nji martynda Türkmenistanyň Daşary işler Ministriniň Orunbasary W.Hajiýew bilen Halkara Atom Energiýasy Agentligiň Baş direktory M.Grossiň arasynda duşuşyk geçirildi.
Bu Agentligiň Baş binasynda geçirilen duşuşygyň barşynda taraplar özara hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryň işjeň alnyp barylýandygyna oňyn baha berdiler. Şeýle hem IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi.
Şol bir wagtyň özünde, saglygy goraýyş, azyk howpsuzlygy we oba hojalygyň beýleki ugurlarynda hyzmatdaşlygyň gerimini giňeltmek bilen bagly mümkinçilikler ara alnyp maslahatlaşyldy.