img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Neşe serişdelerine gözegçilik etmek boýunça halkara komitetiň (INCB) ýolbaşçysy bilen duşuşyk

photo

Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherindäki Edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Içeri işler ministriniň orunbasary bilen INCB guramasynyň başlygy hanym Jagjit Pawadiaň arasynda duşuşyk geçdi.

 Duşuşygyň dowamynda taraplar ýurdumyz bilen INCB-iň arasyndaky özara hyzmatdaşlyga kanagatlanarly baha berdiler we degişli ugurlarda mundan beýläk hem birek-birek bilen netijeli gatnaşyklary işjeňleşdirmäge gyzyklanma bildirdiler.

 Türkmenistan neşe serişdeleriniň bikanun dolanşygyna garşy göreş alyp barmak bilen bagly BMG-niň üç sany konwensiýasyna 1996-njy ýyldan bäri agza bolup gelýär we INCB bilen hyzmatdaşlykda bu resminamalardan gelip çykýan wezipeleri durmuşa geçirmek boýunça degişli işleri alyp barýar.