TÜRKMENISTANYŇ MEJLISINIŇ DEPUTATLARYNYŇ, HALK MASLAHATLARYNYŇ WE GEŇEŞLERIŇ AGZALARYNYŇ SAÝLAWLARYNYŇ DESLAPKY JEMLERI JEMLENDI
2023-nji ýylyň 27-nji martynda Türkmenistanda Saýlawlary we sala salşyklary geçirmek boýunça merkezi toparynyň başlygy brifing geçirip, onda düýn Türkmenistanyň Mejlisiniň deputatlarynyň, halk maslahatlarynyň we Geňeşleriň agzalarynyň saýlawlarynyň üstünlikli tamamlanadygy barada aýtdy.
Çärä ýerli we daşary ýurtly köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekilleri hem-de Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygyndan, Türki Döwletleriň Guramasyndan, Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyndan, Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyndan şeýle-de Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik institutlar we adam hukuklary boýunça býurosyndan çagyrylan halkara synçylar gatnaşdy.
Brifingiň dowamynda ýurduň içinde hem-de daşynda Türkmenistanyň raýatlarynyň ses bermäge işjeň gatnaşandyklary barada aýdyldy. Şeýlelikde, ses bermäge bellige alnan saýlawçylaryň 91 göterimden gowragy gatnaşdy. Ýurt boýunça saýlaw uçastoklarynyň 2644-si, şol sanda Türkmenistanyň daşary ýurtlardaky diplomatik wekilhanalarynda we konsullyklarynda 42 saýlaw uçastogy hereket etdi.
Şol günüň özünde, GDA, ŞHG we TDG tarapyndan gelen synçylar toparlary tarapyndan brifingler geçirildi. Döwlet durmuşynyň bu möhüm jemgyýetçilik-syýasy çäresine gatnaşmaga çakylygy üçin türkmen tarapyna minnetdarlyklaryny bildirip, halkara synçylar saýlawlaryň üstünlikli we guramaçylykly geçirilendigi hem-de olaryň giň bäsdeşlik esasynda açyk we demokratik häsiýete eýe bolandygy barada pikirdeş boldular.
Şeýle-de şu gezek geçirilen saýlawlara ähli partiýalaryň wekilleriniň, raýatlar toparlaryndan dalaşgärleriň gatnaşandygy barada aýratyn aýdyldy.
Synçylar toparlarynyň agzalary milli habar beriş serişdeleriniň saýlawlary şöhlelendirmek boýunça ýerine ýetiren işlerine hem üns çekdiler.
Şeýle-de soňky ýyllarda milli Saýlaw kodeksiniň has-da kämilleşdirilendigi barada aýdyldy.
Şeýlelikde, 2023-nji ýylyň 26-njy martynda saýlawlar Türkmenistanyň Konstitusiýasyna we Saýlaw kodeksine hem-de umumy ykrar edilen demokratik kadalara laýyklykda geçirildi.