img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Halkara atom energiýasy agentligi bilen saglyk ulgamynda hyzmatdaşlygy

photo

2023-nji ýylyň 30-njy martynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasary bilen Halkara atom energiýasy agentligiň Tehniki hyzmatdaşlyk boýunça Ýewropa bölüminiň başlygynyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar onkologiýa bilen bagly dünýä derejesinde gazanylan üstünlikler, Agentligiň bu ugurdaky ýokary hilli tejribeleri we halkara kadalary barada özara pikir alyşdylar.

Şol bir wagtyň özünde täze gurulýan Halkara onkologiýa ylmy-kliniki merkez babatynda gyzyklanma bildirilýän hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.