TÜRKMENISTAN 2024-2026-NJY ÝYLLAR ÜÇIN BMG-NIŇ ÇAGALAR GAZNASYNYŇ (ÝUNISEF) ÝERINE ÝETIRIJI GEŇEŞINE SAÝLANDY
2023-nji ýylyň 5-nji aprelinde Birleşen Milletler Guramasynyň Ykdysady we Durmuş Geňeşiniň (ECOSOC) Guramaçylyk mejlisinde Geňeşiň kömekçi edaralarynyň agzalyklaryna saýlawlar geçirildi.
Saýlawlaryň dowamynda ECOSOC-yň agzalary 2024-2026-njy ýyllar üçin Türkmenistany ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna biragyzdan saýladylar. Mälim bolşy ýaly, öň Türkmenistan 2018-2020-nji ýyllarda ÝUNISEF-iň Ýerine ýetiriji geňeşiniň agzalygyna saýlandy we wezipelerini ýerine ýetirdi.
Häzirki wagta çenli Türkmenistan Birleşen Milletler Guramasynyň 13 sany komissiýalarynyň, komitetleriniň we geňeşleriniň agzasy bolup durýar, ýurdumyz ýedi gezek BMG-niň Baş Assambleýasynyň başlygynyň orunbasarlygyna saýlandy.
ÝUNISEF-iň dolandyryjy edarasynyň – Gaznanyň işine hökümetara goldaw berýän Ýerine ýetiriji geňeşiň agzasy hökmünde Türkmenistan ÝUNISEF-iň alyp barýan işine syn bermek we onuň syýasatyny, ýurt maksatnamalaryny we maliýeleşdirilişini tassyklamaga gatnaşar. Munuň özi Türkmenistanyň Hökümetine Gaznanyň işini utgaşdyrmak we dünýä derejesinde çagalaryň hukuklaryny üpjün etmek üçin umumy kabul edilen maksatlary durmuşa geçirmek boýunça tejribe alyşmak üçin goşmaça mümkinçilikler döreder.