img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmen-wenger hökümetara topary

photo

2023-nji ýylyň 16-njy maýynda wideoaragatnaşyk arkaly türkmen-wenger hökümetara toparynyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Toparyň işine iki döwletiň ugurdaş ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary hem-de wekilleri, şeýle-de işewürlik toparlarynyň wekilleri gatnaşdylar.

Taraplar ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň derwaýys meselelerine, aýratyn hem söwda-ykdysady gatnaşyklarynyň ösdürilmeginiň, köpugurly ykdysady we medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlygy giňeltmegiň mümkinçiliklerine seredip geçdiler. Şeýle-de senagat, oba hojalyk, suw resurslaryny dolandyrmak, ulag, kommunikasiýalar, bilim, saglygy goraýyş we hyzmatdaşlygyň beýleki ugurlaryndaky köpugurly gatnaşyklaryň meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

Toparyň mejlisiniň jemleri boýunça toparyň mejlisiniň teswirnamasyna gol çekildi, şonuň ýaly-da geljek döwür üçin döwletara gatnaşyklarynyň ileri tutulýan ugurlary kesgitlenildi.