TÜRKMENISTAN BILEN SLOWENIÝA RESPUBLIKASYNYŇ DAŞARY IŞLER MINISTRLIKLERINIŇ ARASYNDA GEŇEŞMELER GEÇIRILDI
Şu gün, 2023-nji ýylyň 23-nji maýynda, Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň wezipe borçlaryny wagtlaýyn ýerine ýetiriji Wepa Hajiýew wideoulgamy arkaly Sloweniýa Respublikasynyň daşary we Ýewropa işleri ministrliginiň döwlet sekretary Samuel Žbogar bilen duşuşyk geçirdi.
Geňeşmeleriň dowamynda diplomatlar türkmen-slowen hyzmatdaşlygynyň wajyp meseleleriniň giň toplumyny ara alyp maslahatlaşdylar.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň netijeli ösdürilýändigini nygtamak bilen, taraplar syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ugurlar boýunça gatnaşyklaryň mundan beýläk hem giňeldilmeginiň mümkinçilikleri babatynda pikir alyşdylar.
Şu ýyl diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagynyň 30 ýyllygynyň bellenilýändigini nazara alyp, taraplar 2023-nji ýylda bu şanly sene mynasybetli birnäçe çäreleri geçmek barada maslahatlaşdylar.
Wekiliýetleriň ýolbaşçylary Türkmenistanyň hem Sloweniýanyň halkara meýdançalarynda, şol sanda, BMG-niň çäklerinde hem önjeýli hyzmatdaşlyk alyp barýandyklaryny bellediler.
Ikitaraplaýyn ykdysady hyzmatdaşlygy giňeltmek maksady bilen, söhbetdeşler ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara toparynyň işiniň ähmiýetini bellediler, şeýle hem işewürleriň arasyndaky gatnaşyklary işjeňleşdirmek, bilelikdäki çärelere yzygiderli gatnaşmak barada ylalaşdylar hem-de ikitaraplaýyn şertnama-hukuk binýady kämillişdirmek meseleleri boýunça pikir alyşdylar.