TÜRKMENISTANYŇ WEKILÝETI BMG-NIŇ KOMISSIÝASYNYŇ 32-NJI MEJLISINIŇ ÇÄKLERINDE UGURDAŞ ÇÄRESINE GATNAŞÝAR

img
img
img
img
img
img
img
img

Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýetlik boýunça komissiýanyň (CCPCJ) 32-nji sessiýasynyň çäklerinde “Özara dialogyň we köptaraplaýyn resminamalaryň jenaýatyň öňüni almakdaky ähmiýeti” atly ugurdaş çäre Birleşen Milletler Guramasynyň Wena şäherinde ýerleşýän edarasynyň binasynda geçirildi.

BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan yglan edilen “Dialog – parahatçylygyň kepili” halkara ýylyň dowamynda geçirilen bu ugurdaş çärede UNODC-yň, UNRCCA-nyň, UNTOC konwensiýasy boýunça syn geçirmek mehanizminiň Sekretariatynyň, adyl kazyýetlik boýunça sebitara “CASC” tor ulgamynyň, Merkezi Aziýa we beýleki sebitleriň ýurtlarynyň wekilleri işjeň gatnaşdylar.

Maslahatda transmilli guramaçylykly jenaýatyň dürli görnüşlerine garşy gönükdirilen tejribeler, üstünlikler we öňde duran wezipeler barada özara pikir alyşyldy.

Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Içeri işler ministrliginiň wekilleri öz çykyşlarynda ýurdumyzda bu ugurda alnyp barylýan netijeli işler, öňüni alyş çäreler barada bellediler hem-de bu babatda halkara kadalaryň milli derejede işjeň durmuşa geçirilmegine we halkara hyzmatdaşlygyna aýratyn ähmiýet berilýändigini nygtadylar.

Bu ugurdaş çäräni Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasy we UNODC guramasynyň Merkezi Aziýadaky sebitleýin edarasy bilelikde gurnadylar.

BMG-niň Jenaýatyň öňüni almak we adyl kazyýetlik boýunça komissiýanyň 32-nji sessiýasy 2023-nji ýylyň 22-26-njy maýynda geçirlýär we onuň dowamynda dünýäniň ýurtlarynyň wekilleri bilelikde guramaçylykly jenaýatyň öňüni almaga we adyl hukuk ulgama gönükdirilen wezipeleri ilerletmek, taraplaryň arasynda netijeli hyzmatdaşlyk gatnaşyklary ýola goýmak we berkitmek bilen bagly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.