Durnukly we abadan ösüş boýunça halkara hyzmatdaşlygy

img
img
img
img

2023-nji ýylyň 23-nji maýynda Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda Türkmenistanyň Baş prokuraturasynyň we Korrupsiýa garşy Halkara Akademiýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň Baş prokurorynyň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bu Akademiýanyň ýerine ýetiriji sekretary, dekany jenap Tomas Ştelser bilen hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada özara pikir alyşdylar.

Taraplar ugurdaş düzümlerde alnyp barylýan işlere, hereket edýän kadalara, milli we halkara tejribelere üns berdiler hem-de bu babatda gyzyklanma bildirilýän ugurlary öwrenmäge taýýardyklaryny bellediler.

Bu Akademiýa 2010-njy ýylda halkara gurama hökmünde döredilýär we korrupsiýaň öňüni almak we oňa garşy netijeli göreşmek boýunça ýörite bilim we hünär taýýarlyk-ukyplaryny ýokarlandyrmak, ulgamlaýyn düýpli seljeriş işlerini geçirmek, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy we özara gatnaşyklary ilerletmek bu halkara guramanyň esasy wezipeleriniň hataryna girýär.

Türkmenistan döwleti parahat durmuşa, abadançylykly ösüşe päsgel berýän howplara garşy göreşmekde dünýä döwletleri we halkara guramalary bilen bilelikde işjeň hyzmatdaşlygy alyp barmaga aýratyn ähmiýet berýär.

Durnukly ösüşe wehim salýan bular ýaly päsgelçilikleriň biri hem korrupsiýadyr we bu ýaramaz nogsany düýbinden aradan aýyrmak boýunça ýurt we halkara derejesinde netijeli işler alnyp barylýar.

Bu işler barada gysgaça aýdylanda, 2005-nji ýylyň 14-nji dekabrynda güýje giren BMG-niň korrupsiýa garşy konwensiýasyna Türkmenistanyň şol ýylyň özünde oňa gatnaşyjy döwlet hökmünde goşulandygyny bellemek gerek. Şeýle hem milli we halkara bilermenler bilen geçirilen birnäçe maslahatlaşmalaryň hem-de seljerme işleriň netijesinde, 2014-nji ýylda “Korrupsiýa garşy hereket etmek hakynda” Türkmenistanyň kanuny kabul edilýär we yzygiderli esasda halkara kadalaryna laýyklykda korrupsiýa garşy gönükdirilen milli hukuk namalar kämilleşdirilip gelinýär.

2019-njy ýylda bolsa Türkmenistanda korrupsiýa garşy hereket etmek boýunça Milli maksatnama hem-de bu Maksatnamany ýerine ýetirmegiň 2020-2024-nji ýyllar üçin Meýilnamasy kabul edilýär we bu resminamalarda göz öňüne tutulan wezipeleriň netijeli durmuşa geçirilmegine ýokary derejede seredilýär.