TÜRKMENISTANYŇ HALK MASLAHATYNYŇ BAŞLYGYNYŇ WENGRIÝANYŇ PREMÝER-MINISTRI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 8-nji iýunynda türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow Wengriýanyň Hökümetiniň Baştutany bilen duşuşdy.

Gahryman Arkadagymyz özüniň 2014-nji ýylyň iýunynda Wengriýa amala aşyran saparyny ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şol saparyň barşynda türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň esasy ugurlaryny kesgitleýän Bilelikdäki Beýannama kabul edildi. Ýokary derejedäki gatnaşyklary mundan beýläk-de dowam etdirmek möhümdir, çünki olar dürli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine itergi berýär diýip, Milli Liderimiz belledi.

Ynanyşmak, netijelilik ýagdaýynda geçen söhbetdeşligiň barşynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy we dostlukly ýurduň Hökümetiniň Baştutany özara gyzyklanma bildirilýän giň ugurlar boýunça türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy, ony mundan beýläk-de ösdürmegiň geljegi barada pikir alyşdylar.

Gahryman Arkadagymyz häzirki wagtda syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady we medeni-ynsanperwer ulgamlarda bilelikdäki işi giňeltmek üçin türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň uly geljeginiň bardygyny nygtady.

Türkmen halkynyň Milli Lideriniň pikirine görä, syýasy-diplomatik ulgamda halkara giňişlikde, ilkinji nobatda, BMG-niň we beýleki abraýly guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygyň, adamzadyň abadançylygynyň bähbidine Türkmenistanyň we Wengriýanyň başlangyçlaryny ilerletmek boýunça tagallalary utgaşdyrmak maksady bilen, daşary syýasat edaralarynyň özara gatnaşyklaryny dowam etdirmek zerurdyr.

Gahryman Arkadagymyz Gurbanguly Berdimuhamedow indi otuz ýyla golaý wagtyň dowamynda Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasy ugruň durmuşa geçirýändigine ünsi çekdi.

Söwda-ykdysady ulgam türkmen-wenger hyzmatdaşlygynyň ikinji möhüm ugry hökmünde kesgitlenildi. Söwda, energetika, senagat kooperasiýasy, logistika, oba hojalygy we hususy ulgam geljegi uly ugurlaryň hatarynda görkezildi.

Halk Maslahatynyň Başlygy islendik ykdysadyýetiň binýadyny düzýän energetika barada aýdyp, energiýa serişdelerini ygtybarly we durnukly üstaşyr geçirmek, durnukly ösüşi hem-de halkara hyzmatdaşlygy üpjün etmekde onuň orny bilen bagly meselelerde iki ýurduň garaýyşlarynyň gabat gelýändigini belledi. Mälim bolşy ýaly, Wengriýa Türkmenistanyň bu ugurda öňe süren BMG-niň Baş Assambleýasynyň Kararnamalarynyň ikisiniň awtordaşy bolup çykyş etdi.

 

 

Bellenilişi ýaly, tebigy gazyň ägirt uly gorlaryna eýe bolan Türkmenistan özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin açykdyr we bu meseläni has içgin ara alyp maslahatlaşmaga taýýardyr.

Amatly geografik ýagdaýa eýe bolan ýurdumyz ulag ulgamynda hem özara gatnaşyklara, degişli kommunikasiýa düzümini giňeltmäge, üstaşyr ulag geçelgeleri, ilkinji nobatda, Gündogar — Günbatar ugry boýunça geçelgeleri döretmäge uly ähmiýet berýär.

Dünýäde derman serişdelerini köp möçberde eksport edýän ýigrimi ýurduň hataryna girýän Wengriýanyň uly tejribesini nazara almak bilen, saglygy goraýyş ulgamy, hususan-da, derman senagaty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň biri bolup durýar.

Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda derman serişdelerini we lukmançylyk önümlerini öndürýän bilelikdäki önümçilik kuwwatlyklaryny döretmek baradaky teklip beýan edildi.

Medeni-ynsanperwer ulgam ikitaraplaýyn gatnaşyklarda möhüm orny eýeleýär. Umumy pikire görä, iki dostlukly halkyň taryhy taýdan ýakynlygy medeniýet we sungat ulgamlarynda işjeň hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly binýady emele getirýär.

Türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow 2024-nji ýylda Türkmenistanda şanly senäniň — Gündogaryň meşhur şahyry we akyldary Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygynyň dabaraly ýagdaýda belleniljekdigini ýatladyp, wenger tarapyny şu mynasybetli meýilleşdirilen baýramçylyk çärelerine gatnaşmaga çagyrdy.

Bilim ulgamyny ösdürmek Türkmenistan üçin hem ileri tutulýan ugur bolup durýar.

Duşuşygyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz türkmen tarapynyň täze bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady we Wiktor Orbana berk jan saglyk, döwlet işinde üstünlikleri, Wengriýanyň halkyna bolsa abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdi.