img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Halkara Ynsanperwer ylymlary we Ösüş Uniwersiteti bilen Awstriýanyň Krems Uniwersitetiniň duşuşygy

img
img
img
img

Şu gün, 2023-nji ýylyň 27-nji iýunynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçhanasynyň gurnamagynda Aşgabatdaky Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen Awstriýanyň Krems şäherinde ýerleşýän IMC amaly ylymlary uniwersitetiniň ýolbaşçylarynyň arasynda göni wideo aragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ylym-bilim ulgamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, gysga möhletli okuwlary gurnamak, bilelikdäki okuw maksatnamany işläp taýýarlamagyň şertleri, ylym-bilim wekilleriniň özara tejribe alyşmagy boýunça pikirlere seredildi.

Bu işleri ýerine ýetirmekde Krems uniwersiteti bilen Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň arasynda gol çekilen Özara düşünişmek hakyndaky Ähtnamanyň ähmiýetine aýratyn üns berildi.