img
TÜRKMENISTANYŇ ILÇIHANASY
AWSTRIÝA RESPUBLIKASY - WENA
2026-njy ýyl - "Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan
— bedew batly at-myradyň mekany"
img

Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Awstriýa Respublikasynyň Bilim, ylym we barlaglar federal ministrliginiň duşuşygy

img
img
img
img
img
img
img
img
img
img

Şu gün, 2023-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Awstriýa Respublikasyndaky Ilçihanasynyň gurnamagynda Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň we Awstriýa Respublikasynyň Bilim, ylym we barlaglar federal ministrliginiň wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar ylym-bilim ulgamynda özara gyzyklanma bildirilýän ugurlarda hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Hususan-da, ýurtlaryň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy güýçlendirmek we işjeňleşdirmek bilen bagly meselelere seredildi.