Ýader we radiasiýa howpsuzlygy boýunça halkara kadalaryň ähmiýeti

Şu günler Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) binasynda Türkmenistanyň Goranmak hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrlikleriniň we IAEA-iň ýolbaşçylarynyň arasynda duşuşyklar geçirilýär.

Agentligiň Baş direktorynyň orunbasary, Ýader howpsuzlygy we goraglylygy departamentiniň başlygy hanym Lydie Ewrard bilen geçirilen duşuşykda IAEA tarapyndan dolandyrylýan halkara resminamalaryň ähmiýetine üns berildi.

Hususan-da “Ýader hadysasy barada dessin habar bermek hakyndaky Konwensiýa” hem-de “Adatdan daşary radiasiýa ýagdaýynda ýa-da ýader hadysasynda ýardam bermek hakyndaky Konwensiýa” babatynda özara pikir alşyldy.

Şol bir wagtyň özünde ýader we radiasiýa howpsuzlygy boýunça häzirki zaman halkara kadalaryna aýratyn üns berilýändigi bellenildi we bu ugurda milli kanunçylyk binýady kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işler barada maslahatlaşyldy.