Halkara Atom Energiýasy Agentligi bilen tehniki hyzmatdaşlyk işjeň alnyp barylýar

2023-nji ýylyň 3-nji iýulynda Türkmenistanyň Goranmak ministriniň hem-de Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarlarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Baş direktorynyň orunbasary, Tehniki Hyzmatdaşlyk Departamentiniň başlygy jenap Hua Liu bilen duşuşyk geçirdi.

IAEA-iň baş binasynda geçen duşuşygyň barşynda özara hyzmatdaşlygyň gyzyklanma bildirilýän ugurlarynda alnyp barylýan işler, öňde duran wezipeler ara alnyp maslahatlaşyldy.

Şol sanda Türkmenistan bilen Agentligiň arasyndaky Ýurt boýunça Çarçuwaly Maksatnamanyň işlenilip taýýarlanylmagy, Tehniki Hyzmatdaşlygyň çäklerindäki milli taslamalaryň durmuşa geçirilişi we Agentligiň Radiasiýa howpsuzlygy babatynda maglumatlary dolandyryş tor ulgamy (RASIMS) bilen bagly işlere aýratyn ähmiýet berildi.