Ýader tehnologiýalaryň halk hojalygynyň dürli ugurlarynda iş ýüzünde ulanylşy

2023-nji ýylyň 4-nji iýulynda Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty hem-de Goranmak ministrlikleriniň ýolbaşçylary Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Baş direktorynyň orunbasary, Ýader ylmy we olaryň ulanylşy Departamentiniň başlygy hanym Najat Mohtar bilen duşuşyk geçirdiler.

Duşuşygyň dowamynda taraplar saglygy goraýyş ulgamynda şöhleli bejergiler bilen bagly milli hem-de halkara tejribelerinde alnyp barylýan işleri we bu babatda özara hyzmatdaşlygy berkitmek boýunça öňde duran maksatlary ara alyp maslahatlaşdylar.

Şol bir wagtyň özünde suw üpjünçiligi, azyk howpsuzlygy, oba hojalygy we daşky gurşaw ýaly ugurlarda hem hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.