Türkmen-Awstriýa hyzmatdaşlygynda saglygy goraýyş ugruna aýratyn ähmiýet berilýär
Düýn, 5-nji iýulda, Awstriýanyň Federal Ykdysady Edarasynyň (WKÖ) binasynda, Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň gatnaşmagynda iki ýurduň saglygy goraýyş hyzmatdaşlygy boýunça tegelek stol görnüşindäki maslahat geçirildi.
Maslahata Awstriýa tarapyndan Ýewropa we Halkara işleri boýunça Federal ministrliginiň, Zähmet we ykdysadyýet boýunça Federal ministrliginiň, Federal Ykdysady Edarasynyň, Askin & Co GmbH, Eppendorf Austria GmbH, Heidelberger Druckmaschinen Eastern Europe GmbH, Vamed Engineering GmbH ýaly kompaniýalaryň wekilleri gatnaşdylar.
Tegelek stola gatnaşyjylar lukmançylyk işiniň dürli ugurlarynda gazanylan tejribeler, alnyp barylýan işer, öňde duran wezipeler we gyzyklanma bildirilýän mümkinçilikler barada özara pikir alyşdylar.