BIRNÄÇE DIPLOMATIK WEKILHANALARYŇ ÝOLBAŞÇYLARY TÜRKMENISTANDA PENITENSIAR EDARASYNYŇ IŞI BILEN TANYŞDYLAR

2023-nji ýylyň 15-nji iýulynda Türkmenistanda akkreditirlenen diplomatik wekilhanalaryň haýyşy boýunça, Ahal welaýatynda ýerleşýän düzediş-zähmet edarasyna nobatdaky sapar guraldy. Beýik Britaniýanyň, Fransiýanyň, Germaniýanyň, Italiýanyň, Rumyniýanyň we ABŞ-nyň ilçihanalarynyň, Ýewropa Bileleşigiň Türkmenistandaky wekilhanasynyň ýolbaşçylaryna azatlykdan mahrum edilen adamlaryň saklanyş şertleri bilen tanyşmaga mümkinçilik döredildi.

Türkmenistan adam hukuklary baradaky Konwensiýalaryň işjeň agzasy bolmak bilen, olaryň milli kanunçylykda we degişli döwlet edaralaryň işinde durmuşa geçirilmegini doly üpjün edýär, şeýle hem bu ugurda halkara hyzmatdaşlygyny giňeldýär.

Şu nukdaý nazardan, ýurdumyzda ynsanperwer ulgamyndaky gatnaşyklary kadalaşdyrmaga gönükdirilen kadalaşdyryjy-hukuk namalaryň birnäçesi kabul edildi. Şunuň bilen birlikde, Türkmenistanyň Hökümetiniň we halkara ynsanperwer guramalaryň sazlaşykly işini üpjün edýän milli we halkara derejede özara baglanyşygyň berk gurallary döredildi. Şeýle hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň biri hem penitensiar ulgamyny kämilleşdirmek, tejribe alyşmak, halkara ynsanperwer hukugynyň kadalarynyň amala aşyrylmagy bolup durýar.

Özara gatnaşyklaryň netijeliliginiň subutnamasy hökmünde halkara guramalaryň we daşary ýurtlaryň ilçihanalarynyň wekilleri üçin ýurdumyzyň düzediş-zähmet edaralaryna türkmen tarapynyň guraýan tanyşdyryş saparlaryny getirmek bolar.