NÝU-ÝORKDA DURNUKLY ŞÄHER ULAGYNA BAGYŞLANAN ÇÄRE GEÇIRILDI

img
img
img
img
img
img

2023-nji ýylyň 17-nji iýulynda BMG-niň ştab-kwartirasynda Durnukly ösüş boýunça ýokary derejeli forumyň çäginde Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekilhanasy tarapyndan “Durnukly şäher ulagy: BMG-niň Baş Assambleýasynyň durnukly ulag boýunça ýokary derejeli maslahatyna taýýarlyk we Durnukly ösüş maksatlaryny (DÖM-11) amala aşyrmakda Arkadag şäheriniň modeli” atly mowzuklaýyn çäre guraldy.

Bu çärä BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Aziýa we Ýuwaş ummany sebitleri boýunça Ykdysady we durmuş komissiýasynyň (UNESCAP) ýerine ýetiriji sekretary Armida Salsia Alişahbana, BMG-niň ilatly ýerler boýunça maksatnamasynyň (UN-Habitat) ýerine ýetiriji müdiriniň orunbasary Mihal Mlynar, BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň (UNECE) ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin, Birleşen Milletler Guramasynyň Senagat ösüşi guramasynyň (UNIDO) baş direktorynyň orunbasary Siong Zou, Birleşen Milletler Guramasynyň Daşky gurşaw maksatnamasynyň (UNEP) Nýu-Yorkdaky bölüminiň müdiri Jamil Ahmad, Halkara Ulag diplomatiýasy merkeziniň ýerine ýetiriji sekretary Igor Runow, şeýle hem BMG-niň Ykdysady we durmuş meseleleri boýunça departamentiniň we Durnukly pes uglerodly ulag hyzmatdaşlygynyň (SLOCAT) wekilleri gatnaşdylar.

Duşuşygy açmak bilen, Türkmenistanyň BMG-niň ýanyndaky Hemişelik wekili A.Ataýewa 2030-njy ýyla çenli Gün tertibiniň durmuşa geçirilmegini çaltlaşdyrmak üçin ýurtlaryň tejribe alyşmagynyň möhümdigini belledi. Ýakyn geljekde Türkmenistanyň Durnukly ösüş maksatlarynyna ýetmekdäki ösüşini görkezjek ikinji meýletin milli synyny hödürlejekdigini nygtady.

Türkmenistanyň Daşary işler ministriniň orunbasary M.Bäşimowa öz çykyşynda halkara arenasynda ulag durnuklylygyny ýokarlandyrmak babatynda döwletimiziň öňe sürýän başlangyçlary we bu ugurda köptaraplaýyn dialog üçin esas döreden BMG-niň Baş Assambleýasynyň degişli kararlary barada hem-de ýurdumyzyň birnäçe forumyň guramaçysy hökmünde çykyş edendigini aýtdy. Şeýlelik bilen, 2016-njy ýylda Türkmenistanda Durnukly ulag boýunça ilkinji Ählumumy maslahat, 2022-nji ýylda bolsa, Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp gelýän ýurtlaryň ulag ministrleriniň maslahaty geçirildi.

M.Bäşimowa Arkadag şäheri bilen tanyşdyryp, täze şäheriň taslamasynyň, esasan, Türkmenistanyň durmuş-ykdysady ösüşiniň esasy meselesini - ilatyň hal-ýagdaýyny we ýaşaýyş şertlerini gowulandyrmaga gönükdirilendigini belledi. “Akylly” şäher taslamasynyň, Türkmenistanyň Hökümetiniň häzirki zaman şähergurluşyk, öňdebaryjy usullary we tehnologiýalary ornaşdyrmak, saglygy goraýyş we sanly lukmançylyk pudagynda ekologiki durnuklylygy berkitmek we daşky gurşawa täsirini azaltmagy gazanmak ugrundaky tagallalarynyň görkezijisidigini belledi.

Çärä gatnaşyjylar BMG-niň ýöriteleşdirilen edaralary bilen ýakyn hyzmatdaşlykda bu uly göwrümli taslamanyň durmuşa geçirilmegi boýunça Türkmenistanyň Hökümeti bilen hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge taýýardyklaryny bellediler. Şeýle hem çykyşlarda BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan Türkmenistanyň başlangyjy bilen 26-njy noýabryň Bütindünýä ulag güni hökmünde yglan edilmeginiň, şeýle hem BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisiniň şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek Durnukly ulag meseleleri boýunça ýokary derejeli duşuşygyň ähmiýeti bellenildi.

Şäher ulag ulgamlarynyň durnuklylygyny berkitmek maksady bilen, Türkmenistanyň ýolbaşçylyk edýän Durnukly ulagyň dostlary toparynyň, şeýle-de BMG-Habitatyň dostlar toparynyň bilelikdäki mejlislerini geçirmek baradaky teklip goldanyldy.

Çäräniň ahyrynda Türkmenistanyň wekiliýetiniň BMG-Habitat maksatnamasynyň ýerine ýetiriji direktory Maimouna Mohd Şerif we BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasynyň ýerine ýetiriji sekretarynyň orunbasary Dmitriý Marýasin bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.

Duşuşyklarda hyzmatdaşlygy giňeltmegiň, BMG ulgamynyň guramalary bilen özara gatnaşyklaryň, ulag, energetika, suw baýlyklaryny dolandyrmak, ekologiýa we şäher ösüşi ýaly bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmegiň geljegi ara alnyp maslahatlaşyldy.