TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ WE ÖZBEGISTAN RESPUBLIKASYNYŇ PREZIDENTLERINIŇ ÜÇTARAPLAÝYN SAMMITI

4 awgustda Aşgabadyň “Arkadag” myhmanhanasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn sammit geçirildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Sammiti açmak bilen, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Baştutanlarynyň üçtaraplaýyn görnüşdäki ilkinji duşuşygynyň biziň hyzmatdaşlygymyzyň mazmunyna laýyk gelýän we onuň yzygiderli häsiýetini alamatlandyrýan möhüm ähmiýetli, kanunalaýyk wakadygyny belledi.

Türkmenistanyň Prezidentiniň aýratyn nygtaýşy ýaly, ysnyşykly bilelikdäki işler ileri tutulýan ugurlaryň ylalaşylmagy, ösüşiň meýilnamalarynyň utgaşdyrylmagy halklarymyzyň jana-jan bähbitlerine, milli ykdysadyýetleriň mümkinçiliklerine we isleglerine laýyk gelýär. Taraplaryň öz gatnaşyklaryny häzirki döwrüň ýörelgeleri esasynda gurap, umumy ösüş binýadyna daýanýandygy, olaryň köpasyrlyk oňyn tejribäni ulanyp, häzirki geosyýasy we ykdysady şertlerde taryhy dowamatlylygy üpjün edýändigi wajypdyr.

Häzirki üçtaraplaýyn gün tertibinde durýan beýleki wajyp meseleler umumy sebit ösüşiniň wezipeleri we geljegi bilen gönüden-göni baglanyşyklydyr. Şoňa görä-de, şu günki sammit Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň çäklerinde bäştaraplaýyn gatnaşyklaryň möhüm bölegi, bu formatyň üstüniň ýetirilmegi we baýlaşdyrylmagy bolup durýar.

Döwlet Baştutanymyz sammitiň gün tertibine ünsi çekip, birnäçe möhüm meseleleriň ara alnyp maslahatlaşylmalydygyny belledi. Şol meseleleriň çözülmegi uzak möhletli geljek üçin üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň üstünlikli bolmagyny üpjün etmäge, artykmaçlyklary hem-de mümkinçilikleri doly derejede herekete getirmäge ýardam berer.

Hormatly Prezidentimiz durnukly suw üpjünçiligini sebitiň ýurtlary üçin derwaýys meseleleriň hatarynda görkezip, suw serişdelerini rejeli dolandyrmagyň gurallaryny kemala getirmek, bu ugurda netijeli çäreleri görmek meselesiniň wajypdygyny nygtady. Gürrüň, hususan-da, suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, degişli suw hojalyk desgalaryny döwrebaplaşdyrmak, beýleki degişli çäreler hem-de biziň ýurtlarymyzyň suwa bolan isleglerini doly derejede we özara bähbitleri nazara almak arkaly üpjün etmäge mümkinçilik berjek tehnologik çözgütler barada barýar. Suw turbageçiriji infrastrukturasyny döretmegiň mümkinçiliklerine garamak şeýle çözgütleriň biri bolup bilerdi.

Energetika ulgamy hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň hatarynda durýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz hyzmatdaşlygyň netijeli nusgasyny döretmegiň maksadalaýykdygy barada aýtdy. Ol üç ýurduň artýan energiýa isleglerini hem-de milli energiýa ulgamlarynyň berkliginiň zerur bolan ätiýaçlygyny üpjün eder.

Bu strategik maksatlara ýetmek üçin ulgamlaýyn, anyk çemeleşme zerur bolup durýar. Bu ulgamda eýýäm belli bir tejribe toplandy hem-de özara gatnaşyklaryň, hususan-da, elektrik energetikasy ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň oňat mysallary bar. Umuman, Türkmenistan şeýle hyzmatdaşlygy dowam etdirmäge, onuň durnukly häsiýetli bolmagyny üpjün etmäge taýýardyr. Şunuň bilen birlikde, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow gaz pudagynda uzak möhletli üçtaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmaga degişli teklibi beýan etdi.

Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda ulag ulgamyna hem möhüm orun degişlidir. Munuň özi kanunalaýyk ýagdaýdyr. Biziň ýurtlarymyz Aziýa we Ýewropanyň arasyndaky üstaşyr ulag gatnawlarynda geografik taýdan möhüm orny eýeleýär. Munuň özi üç döwletiň çäginde Ýewraziýa yklymynyň iki bölegini birleşdirýän doly derejeli logistika merkezini döretmek üçin ägirt uly mümkinçilikleri açýar. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow bitewi ulag strategiýasyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmegiň wajypdygyny aýtdy. Şeýle hem bu ugurda gatnaşyklaryň köp babatda halkara hyzmatdaşlar bilen ylalaşygyň gazanylmagyny üpjün etmäge ukyplydygy bellenildi.

Döwlet Baştutanymyz dünýä giňişliginde ylalaşykly ulag diplomatiýasyny bilelikde has maksada okgunly amala aşyrmagyň zerurdygyny nygtady. Bu diplomatiýa ýöriteleşdirilen düzümler — BMG-niň Ýewropa ykdysady komissiýasy, BMG-niň Aziýa — Ýuwaş umman sebiti üçin Ykdysady we Durmuş komissiýasy, Halkara awtomobil ulaglary birleşigi, Demir ýollaryň hyzmatdaşlyk guramasy bilen işleri işjeňleşdirmegi göz öňünde tutýar.

Mundan başga-da, söwdany giňeltmek we özara haryt dolanyşygynyň möçberini artdyrmak, senagat kooperasiýasy, kiçi we orta telekeçilik ulgamynda hyzmatdaşlyk, maýa goýum işini höweslendirmek ýaly üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meseleleri çetde galmaly däldir.

Döwlet Baştutanymyz aýdylanlary jemläp, şu günki duşuşygyň köpugurly hyzmatdaşlygy ösdürmekde tapgyrlaýyn waka boljakdygyna, biziň döwletlerimiziň we halklarymyzyň arasyndaky doganlygy, hoşniýetli goňşuçylygy, özara hormat goýmagy pugtalandyrmaga hyzmat etjekdigine ynam bildirdi.

Çykyşynyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň biziň ýurdumyz bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmäge şahsy goşandyny aýratyn belläp, Türkmenistanyň umumy bähbitlere laýyk gelýän üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygy ösdürmäge taýýardygyny tassyklady.

Soňra Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmona söz berildi.

Täjik Lideri Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistana gelmäge çakylygy we myhmansöýerlik üçin hoşallyk bildirip, däp bolan dostlukly döwletara gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypa hökmünde üçtaraplaýyn Aşgabat sammitiniň ähmiýetini nygtady. Şunda Täjigistanyň Baştutany şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşygyň netijeli häsiýetini belledi. Şol duşuşygyň barşynda türkmen-täjik gatnaşyklarynyň we üçtaraplaýyn hyzmatdaşlygyň esasy meseleleri boýunça pikir alşyldy.

Nygtalyşy ýaly, bu sammit biziň ýurtlarymyzyň köpugurly strategik hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge, doganlyk halklaryň bähbidine ony täze many-mazmun bilen baýlaşdyrmaga berk ygrarlydygyny tassyklaýar.

Täjigistanyň Baştutany Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň syýasy dialogy yzygiderli ösdürýändigini, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlardaky hyzmatdaşlyga täze kuwwatly itergi berilýändigini belledi.

Taraplar suw serişdelerinden rejeli peýdalanmagyň aýratyn ähmiýetlidiginden ugur alyp, bu ulgamda yzygiderli hyzmatdaşlyk edýärler. Ol şeýle hem ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň wajypdygyny aýtdy. Munuň özi milli ykdysadyýetleriň durnuklylygyny üpjün etmäge ýardam berer.

Prezident Emomali Rahmon Türkmenistanyň döwletara we sebit hyzmatdaşlygyny ösdürmek baradaky başlangyçlaryna ýokary baha berip, Täjigistan Respublikasynyň öňde goýlan maksatlara ýetmegiň bähbidine netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny tassyklady.

Mümkinçilikden peýdalanyp, dostlukly ýurduň Lideri kärdeşlerini Täjigistana gelmäge we Duşenbede geçiriljek halkara çärelere gatnaşmaga çagyrdy.

Soňra Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewe söz berildi.

Özbek Lideri hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli kabul edendigi üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, sammitiň ýokary guramaçylyk derejesinde geçirilmegi we bilelikde üstünlikli işlemek üçin ajaýyp şertleriň döredilendigini nygtady. Özbegistanyň Prezidentiniň belleýşi ýaly, ikitaraplaýyn we köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň meseleleri şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow bilen bolan duşuşykda hem gyzyklanma bildirilip ara alnyp maslahatlaşyldy. Gahryman Arkadagymyz bu meselelere hemişe uly üns berýär.

Nygtalyşy ýaly, häzirki wagtda biziň döwletlerimiziň arasyndaky dostlugyň, hoşniýetli goňşuçylygyň taryhy däplerine, uzak möhletli maksatlaryň we bähbitleriň umumylygyna esaslanýan gatnaşyklar hil taýdan täze many-mazmuna eýe bolýar. Soňky ýyllarda gatnaşyklaryň ähli ugurlary boýunça durnukly ösüş üpjün edilýär.

Şunuň bilen baglylykda, şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň ähmiýeti aýratyn bellenildi. Bu duşuşyk strategik häsiýete eýe bolan hyzmatdaşlygyň köpugurly mümkinçiliklerini has doly açyp görkezmäge ýardam eder.

Biziň ýurtlarymyz söwda-ykdysady, maýa goýumlar, energetika, ulag-kommunikasiýa ulgamlarynda we beýleki ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin uly mümkinçiliklere eýedir. Oba we suw hojalygy hem möhüm ugurlar bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda, birnäçe teklipler, şol sanda öňdebaryjy suw tygşytlaýjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, suw serişdelerini dolandyrmak işini sanlylaşdyrmak, bu meselelerde Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň kuwwatyndan peýdalanmak, hyzmatdaşlyk guramalarynyň we düzümleriniň ugry boýunça gatnaşyklar babatda teklipler beýan edildi.

Prezident Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň dürli ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmek baradaky tekliplerini goldaýandygyny aýdyp, şu günki duşuşygyň sebit gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berjekdigine ynam bildirdi.

Sammitiň dowamynda BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň ýolbaşçysynyň orunbasary Filipp Saprykine söz berildi. Ol merkeziň işi barada maglumat bilen çykyş etdi. Bellenilişi ýaly, soňky 30 ýylyň dowamynda sebitiň döwletleri ösüş babatda uly üstünlikleri gazandylar. Häzirki wagtda Merkezi Aziýa köp ugurlarda sebit hyzmatdaşlygynyň nusgasy bolup durýar. Merkezi Aziýanyň ýurtlary ählumumy wehimlere garşy durmaga saldamly goşant goşýarlar. BMG-niň Baş Assambleýasy muňa jogap edip, Parahatçylyk üçin täze gün tertibini öňe sürdi.

Merkezi Aziýanyň durnukly durmuş-ykdysady ösüşiniň möhüm şertleri bilen baglylykda, Aşgabat sammitiniň taraplaryň bu meseleleri çözmekde tagallalary birleşdirmäge ygrarlydygyna şaýatlyk edýändigi bellenildi. Suwdan rejeli peýdalanmak, ekologiýa we howanyň üýtgemegi ýaly ugurlar möhüm meseleleriň hatarynda görkezildi. Merkezi Aziýanyň ýurtlary Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek boýunça bilelikdäki uly işi alyp bardylar we ýokarda agzalan hem-de beýleki ugurlarda sebit hyzmatdaşlygyny pugtalandyrmak boýunça zerur bolan çäreleri durmuşa geçirýärler.

Şunuň bilen baglylykda, Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşyklarynyň ähmiýeti bellenildi. Şolaryň netijeleri BMG-niň Merkezi Aziýa üçin öňüni alyş diplomatiýasy boýunça sebit merkeziniň işi üçin möhüm ähmiýete eýe boldy.

Soňra hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sammite gatnaşyjylara jemleýji söz bilen ýüzlenip, şu gün netijeli pikir alyşmalaryň bolandygyny, özara gatnaşyklary işjeňleşdirmäge we häzirki döwrüň täze wehimlerine garşy çäreleri görmäge gönükdirilen ençeme anyk teklipleriň beýan edilendigini nygtady.

Döwlet Baştutanymyzyň belleýşi ýaly, şu gezekki duşuşyk biziň döwletlerimiziň parahatçylygy, howpsuzlygy, durnukly ösüşi üpjün etmek, sebitde ynanyşmak, özara düşünişmek ýagdaýyny döretmek üçin tagallalary birleşdirmäge çalyşýandyklaryny we syýasy erk-islegini ýene-de bir gezek tassyklady.

Ýokary derejedäki üçtaraplaýyn duşuşygyň netijeleri boýunça Türkmenistanyň, Täjigistan Respublikasynyň we Özbegistan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň Bilelikdäki Beýannamasy kabul edildi.