TÜRKMENISTANYŇ, TÄJIGISTANYŇ WE ÖZBEGISTANYŇ PREZIDENTLERINIŇ SAMMITINIŇ JEMLERI BOÝUNÇA METBUGAT BEÝANATY
2023-nji ýylyň 4-nji awgustynda, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň, Täjigistan Respublikasynyň Prezidenti Emomali Rahmonyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň gatnaşmagynda üçtaraplaýyn duşuşygynyň jemleri boýunça Türkmenistanyň daşary işler ministrliginde metbugat maslahaty geçirildi.
Maslahata Türkmenistanda akkreditlenen diplomatik wekilhanalaryň we daşary ýurt habar beriş serişdeleriniň wekilleri, sammite gatnaşýan üç ýurduň metbugat wekilleri gatnaşdylar.
Metbugat maslahatyň dowamynda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň wekillerine ýokary derejede geçirilen gepleşikleriň netijeleri barada ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Ministrler geçirilen ýokary derejeli sammitiň Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň konsultatiw duşuşygy ýaly syýasy hyzmatdaşlygyň möhüm we netijeli bölegidigini nygtadylar. Şu nukdaý nazardan, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleriniň duşuşygynyň şu ýylyň sentýabr aýynda Merkezi Aziýa sebitiniň döwletleriniň Prezidentleriniň 5-nji ýubileý sammitiniň Duşenbe şäherinde üstünlikli geçirilmegine möhüm goşant goşjakdygy bellenildi.
Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredowyň belleýşi ýaly, sammitiň gün tertibine üç sany esasy mesele girizildi: Amyderýanyň suw baýlyklaryndan netijeli peýdalanmak; energetika pudagynda hyzmatdaşlygy ösdürmek we bu ugurda özara hyzmatdaşlyk etmek üçin mümkinçilikleri ara alyp maslahatlaşmak; ulag we logistika pudagynda hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak, ulag we üstaşyr geçelgelerini giňeltmek.
Amyderýanyň suw baýlyklaryndan tygşytly we netijeli peýdalanmak meselesi barada aýtmak bilen, Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasynda suw hojalyk ulgamynda özarabähbitli we deňhukukly hyzmatdaşlygyň üstünlikli durmuşa geçirilýändigi bellendi. Şol bir wagtyň özünde, bu ugurdaky bilelikdäki çärelere täze, toplumlaýyn we ulgamlaýyn çemeleşmegiň mümkinçiliklerini öwrenmek maksadalaýyk bolup durýar.
Energetika pudagynda, şol sanda, gaz pudagynda hyzmatdaşlygyň möhüm ähmiýetine ünsi çekmek bilen, türkmen tarapy bu ugurda Türkmenistanyň, Täjigistanyň we Özbegistanyň arasynda strategiki hyzmatdaşlygyň geljegine garamagy teklip etdi. Şunda iň ýakyn goňşularyň - Özbegistanyň we Täjigistanyň türkmen tebigy gazy bilen üpjün edilmeginiň ileri tutuljakdygy nygtaldy.
Ulag we logistika pudagynda bilelikdäki hyzmatdaşlygy ösdürmegiň nukdaý nazaryndan, türkmen tarapy Täjigistan-Özbegistan-Türkmenistan ulag ugrunyň Aýlagdaky we Hazar deňzindäki deňiz portlaryna çykmak mümkinçiliklerini belledi.
Daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylary metbugat maslahatynyň dowamynda döwletleriň arasynda ikitaraplaýyn görnüşde hem netijeli gatnaşyklaryň ösdürilýändigini bellediler. Şu nukdaý nazardan, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň 2022-nji ýylyň iýulynda Özbegistana hem-de 2023-nji ýylyň maýynda Täjigistana amala aşyran döwlet saparlarynyň netijeleri bellenildi.
Munuň bilen birlikde, sammitiň öňüsyrasynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Täjigistanyň we Özbegistanyň Prezidentleri bilen geçiren duşuşyklary, şeýle hem Türkmenistanyň Baştutany bilen täjik we özbek liderleriniň arasynda ikitaraplaýyn gepleşikler barada maglumat berildi.
Şeýle hem ministrler žurnalistleri sammitde gol çekilen jemleýji resminama bilen tanyşdyrdylar.
Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gepleşikleriň gatnaşyjy üç ýurduň we tutuş sebitiň abadançylygynyň bähbitlerine laýyk gelýän köpugurly hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek üçin ygtybarly binýady döretjekdigi bellenildi.