TÜRKMENISTANYŇ HAZAR DEŇZINIŇ MESELELERI BOÝUNÇA PUDAGARA TOPARYŇ MEJLISI

2023-nji ýylyň 30-njy awgustynda Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler ministri R.Meredowyň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň Hazar deňziniň meseleleri boýunça pudagara toparyň nobatdaky mejlisi geçirildi.

Duşuşyga Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň agzalary, ýurdumyzyň degişli ministrlikleriniň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylary we wekilleri gatnaşdylar.

Gün tertibiniň çäginde Toparyň şu ýylky iş Meýilnamasy ara alnyp maslahatlaşyldy. Ýakyn geljekde geçirilmegi meýilleşdirilýän esasy çäreler barada pikir alyşyldy.