BÜTINDÜNÝÄ GÜMRÜK GURAMASYNYŇ BAŞ SEKRETARY BILEN DUŞUŞYK GEÇIRILDI

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri R.Meredow bilen Aşgabada sapar bilen gelen Bütindünýä gümrük guramasynyň Baş sekretary Kunio Mikuriýanyň arasynda gepleşikler geçirildi.

Duşuşygyň dowamynda taraplar Türkmenistan bilen Bütindünýä gümrük guramasynyň arasyndaky hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi we mundan beýläk amala aşyryljak hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar.

R.Meredow Bütindünýä gümrük guramasy bilen hyzmatdaşlygyň gümrük işini kämilleşdirmek, harytlaryň serhetara hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmek hem-de sebitleýin we halkara söwdany ösdürmek nukdaýnazaryndan Türkmenistan üçin hyzmatdaşlygyň möhüm ugrudygyny belledi. Türkmenistanyň ulag infrastrukturasynyň ösmegine, şeýle hem ýurduň ulag-logistika mümkinçiliklerine uly ähmiýet berýändigi bellendi. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanda täze ulag we üstaşyr merkezleri we gümrük desgalary döredildi, gümrük hyzmatlarynyň maddy-tehniki binýady yzygiderli berkidilýär.

Taraplar Bütindünýä gümrük guramasy tarapyndan guralýan halkara we sebit duşuşyklaryň, maslahatlaryň we geňeşmeleriň çäginde üstünlikli özara gatnaşyklar barada bellediler. Halkara gümrük işleri bilen baglanyşykly hukuk binýadyny giňeltmek we berkitmek üçin hyzmatdaşlygy güýçlendirmegiň ähmiýeti hem nygtaldy.