TÜRKMENISTANYŇ PREZIDENTINIŇ ÝEWROPA BILELEŞIGINIŇ ILÇISI BILEN DUŞUŞYGY

2023-nji ýylyň 26-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistanda täze bellenen Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Beata Peksany kabul etdi. Ol döwlet Baştutanymyza ynanç hatlaryny gowşurdy.

Diplomat Türkmenistanyň Prezidentine Ýewropa Geňeşiniň başlygy Şarl Mişeliň we Ýewropa Komissiýasynyň Başlygy Ursula fon der Lýaýeniň iberen mähirli salamlaryny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi. Ilçi döwlet Baştutanymyzy Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 32 ýyllyk baýramy bilen tüýs ýürekden gutlady.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Beata Peksany ýokary diplomatik wezipä bellenilmegi bilen gutlady. Döwlet Baştutanymyz Ýewropa Bileleşiginiň ýolbaşçylaryna iň gowy arzuwlaryny aýdyp, Türkmenistanyň daşary syýasatyny durmuşa geçirmekde Ýewropa Bileleşigi bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer hyzmatdaşlyga uly ähmiýet berilýändigini belledi.

Duşuşygyň dowamynda şu ýyl Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasynda diplomatik gatnaşyklaryň ýola goýulmagyna 30 ýyl bolandygy nygtaldy we şol geçen ýyllaryň dowamynda däp bolan dostlukly gatnaşyklar özara ynanyşmak we açyklyk ýörelgeleri esasynda üstünlikli ösdürildi. Şunuň bilen baglylykda, soňky ýyllarda ýokary derejede geçirilýän gepleşikleriň has işjeň häsiýete eýe bolýandygy aýratyn bellenildi.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow ýaňy-ýakynda Nýu-Ýork şäherinde BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynyň çäklerinde Ýewropa Geňeşiniň Başlygy Şarl Mişel bilen bolan duşuşygynda hyzmatdaşlygyň giň ugurlary boýunça pikir alyşmalaryň bolandygyny, şunda özara gatnaşyklaryň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygyny belledi. Ulag ulgamy, energetika we «ýaşyl» tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlarynyň hatarynda görkezildi.

Bellenilişi ýaly, Türkmenistan bilen Ýewropa Bileleşiginiň arasyndaky gatnaşyklar ikitaraplaýyn görnüşde, şeýle hem «Merkezi Aziýa - Ýewropa Bileleşigi» görnüşinde yzygiderli ösdürilýär. Şunuň bilen birlikde, kanun çykaryjylyk ulgamynda hem netijeli hyzmatdaşlyk alnyp barylýar. Türkmenistanyň Mejlisiniň we Ýewropa Parlamentiniň arasynda parlamentara dialog ýola goýuldy.

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanda ylym-bilim, ekologiýa, kanunçylygy kämilleşdirmek, energetika we beýleki ulgamlarda Ýewropa Bileleşiginiň tehniki taslamalarynyň üstünlikli durmuşa geçirilendigini belledi.

Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň Ýewropa Bileleşigi bilen hyzmatdaşlyga ýokary baha berýändigini belläp, netijeli gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmaga taýýardygyny tassyklady.