Türkmen wekiliýetiniň atom energiýasy boýunça konferensiýa ýüzlenmesi
2023-nji ýylyň 25-29-nji sentýabrynda Birleşen Milletler Guramasynyň Wenadaky edarasynyň binasynda Halkara Atom Energiýasy Agentligiň (IAEA) Baş konferensiýasynyň 67-nji sessiýasy geçirilýär.
Bu köptaraplaýyn maslahata dünýäniň ýurtlarynyň we halkara guramalaryň 2500-den gowrak dürli derejedäki wekilleri gatnaşýarlar we onuň dowamynda atom energiýasynyň parahatçylykly maksatlar üçin ulanylmagy, ýader materiallaryň goraglylygy, atom ylmy we tehnologiýalary hem-de olaryň degişli pudaklarda howpsuz we netijeli ulanylmagy ýaly meseleleri ara alyp maslahatlaşýarlar.
Türkmenistanyň wekiliýeti öz çykyşynda ýaragsyzlanmak we köpçülikleýin gyryş ýaraglary ýaýratmazlyk bilen bagly halkara derejesinde alnyp barylýan işlerde türkmen tarapynyň ähmiýetli ornuny belläp geçdi.
Şol bir wagtyň özünde IAEA-iň tehniki hyzmatdaşlyk ulgamynyň çäklerinde şöhleli bejergi, radioaktiw galyndylaryň howpsuzlygy, milli kanunçylyk binýadyň kämilleşdirilmegi ýaly ugurlarda durmuşa geçirilýän taslamalaryň işjeňligi barada nygtaldy.
Mundan başga-da, azyk howpsuzlygy, oba-hajalygy, suw serişdeleriniň ygtybarly dolandyrylmagy, daşky gurşawyň goraglylygy boýunça öňdebaryjy tehnologiýalar we usullar babatynda Agentligiň mümkinçiliklerini milli hyzmatdaşlar bilen işjeň ilerletmäge gyzyklanma bildirildi.